2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanda çilimkeşligiň ýaýramagy iki esse peseldi

  • 11.04.2019 23:01
  • 3k+

2013-nji ýylda Türkmenistanda temmäkä garşy göreş hakynda iň düýpli, giň gerimli kanunlaryň biri kabul edildi. Temmäkä garşy göreş boýunça bu Kanunda göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagy uly ýaşly ilatyň arasynda çilimkeşligiň ýaýramagynyň tiz peselmegine — 2013-nji ýyldan bäri iki esse azalmagyna (2018-nji ýylda ilatyň diňe 3,4 göterimi çilim çekýärdi) getirdi. Munuň özi sebitiň ähli ýurtlarynyň arasynda iň pes görkezijidir. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda Aşgabatda geçirilen “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli Ýewropa maslahatynda bellenilip geçildi. Şol maslahatda Türkmenistan keselleriň öňüni almakda güýçli hem-de yzygiderli öňdeligi üçin BSGG-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Temmäkä garşy göreşde öň hatarda bolmak jogapkärçiligi artdyrýar hem-de has-da uly sepgitlere ýetmäge borçlandyrýar. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz öz öňünde möhüm wezipäni — 2025-nji ýyla çenli temmäki tüssesinden azat ýurt hökmünde bolmak wezipesini goýdy.

09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....