Döwletjan Ýagşymyradow FIAS-nyň ýolbaşçysy bilen Olimpiýa şäherçesinde geçen duşuşyga gatnaşdy

  • 10.04.2019 14:46
  • 4.9k+

Türkmenistanda sapar bilen bolýan АСА-nyň ýeke-täk türkmenistanly wekili, bu başa-baş göreş ýaryşynyň çempiony Döwletjan Ýagşymyradow FIAS-nyň ýolbaşçysy Wasiliý Şestakowyň Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy bilen duşuşyk dabarasyna gatnaşdy.

Duşuşyk Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki Söweş sungaty sport toplumynda geçirildi. Döwletjan Ýagşymyradow başa baş göreş görnüşiniň käbir emellerini matyň üstünde görkezmek bilen, türkmen samboçylary bilen öz tejribesini paýlaşdy.

Döwlet telewideniýesinde beren interwýusynda türgen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara sambo Federasiýasynyň ýörite şahadatnamasy bilen gutlady.

Şeýle hem geljekki ýaryşlarda türkmen tuguny belentden parlatjakdygyna ynandyrdy.

Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy fewralda Warşawada (Polşa) geçirilen ACA 92 ýaryşynda polşaly Karol Selinskiden tehniki nokaut bilen üstün çykyp, Absolute Championship Akhmatyň ilkinji çempiony hökmünde taryha girdi.

düýn 23:49
827

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.4k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.8k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......