Türkmenistan we Eýran Nowruz baýramyny bilelikde bellediler

  • 06.04.2019 19:03
  • 1.2k+

4-nji aprelde «Howdan-Bajgyran» serhet zolagynda Nowruz baýramy mynasybetli türkmen we eýran artistleriniň bilelikdäki konserti geçirildi.

Sungatyň we medeni däpleriň ýazky festiwalyna iki ýurduň resmi wekilleri we sungat ussatlary — aýdymçylar, sazandalar, tans toparlary gatnaşdylar.

— Bu hili çäre serhet zolagynda ilkinji gezek geçirilýär we onuň gurnalmagynyň maksady — iki ýurduň, özara düşünişmegiň we dostlugyň ýakynlaşmagy bolup durýar — diýip Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet boýunça geňeşçisi Reza Hanian belledi.

Ol şeýle hem şu ýyl geçiriljek Türkmenistanyň we Eýranyň Medeniýet hepdelikleri barada hem belledi.

Konsert maksatnamasyndan başga-da, bu ýerde gurnalan sungat şäherçesinde sergi meýdançasy döredildi. Onda sungat eserleri, zergärçilik, amaly-haşam eserleri ýerleşdirildi.

düýn 23:04
675

Jeýms Kemeron bilen Billi Aýlişiň 3D-filmi prokata çykdy

Režissýor Jeýms Kemeronyň hem aýdymçy Billi Aýlişiň bilelikdäki taslamasy – aýdymçynyň Mançesterdäki «Hit Me Hard and Soft: The Tour» atly konsertli syýahatyna bagyşlanan 3D-filmi dünýä prokatyna çykdy....

düýn 21:16
672

Sofiýada «Cat Show Expo» halkara sergisi geçirildi

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan 150-den gowrak pişigi bir ýere jemlän «Cat Show Expo» halkara sergisi boldy....

düýn 18:27
937

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

düýn 14:49
2.8k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....