Ýeňil atletika boýunça Aziýa çempionaty üçin Türkmenistanyň ýygyndysy kesgitlenildi

  • 01.04.2019 10:12
  • 1.9k+

2019-njy ýylda Ýeňil atletika boýunça Aziýa çempionatynyň öňüsyrasynda Aşgabatda saýlama ýaryşlary geçirildi. türgenler daş, naýza zyňmak, sprinter ylgawy, beýiklige bökmek, 400 we 800 metr aralyga ylgamak ýaly görnüşlerde ýaryşdylar.

Saýlama ýaryşlarynyň netijeleri boýunça ýygyndy topara 6 türgen — Mergen Mämmedow, Amanmyrat Hommadow (ikisi hem — daş zyňmak), Irina Welihanowa (mnogoborýe), Alişer Saulaýew (100 we 200 metr aralyga ylgamak), Walentina Meredowa (100 metr aralyga ylgamak). Bu türgenler Aziýa çempionaty 2019-da Türkmenistana wekilçilik ederler.

Ýeňil atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2019 21-24-nji aprelde Dohadaky (Katar) «Halifa» stadionynda geçiriler. Bu stadionda innowasion we ekologiýa taýdan arassa sowadyş tehnologiýalary peýdalanylyp, türgenler we janköýerler üçin iň amatly şertler döredilendir. Ýeňil Atletika boýunça Aziýa assosiasiýasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, 45 sany gatnaşyjy döwletleriň arasynda ýaryşlarda medallaryň toplumlarynyň 186-sy ugrunda bäsleşiler.

düýn 23:32
1.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

düýn 23:14
2.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

düýn 23:10
1k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

düýn 23:04
1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......