Aprel aýyndaky medeni çäreleriň maksatnamasy

  • 30.03.2019 22:33
  • 1k+

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän 2019-njy ýyla bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli şu ýylyň aprel aýynda sergileri we bäsleşikleri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hökümet mejlisinde habar bermegine görä, hem Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli sport çärelerini we maslahatlary geçirmek meýilleşdirildi. Durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar hem guralar.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraljak çäreleriň maksatnamasynda ýöriteleşdirilen sergiler we bäsleşikler, ylmy maslahatlar, çapyksuwarlaryň bäsleşikleri — uzak aralyga atly ýöriş, päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşlar, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary guramak göz öňünde tutulýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň paýtagtymyzda geçiriljek IX mejlisine, halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahata dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşar.

şu gün 07:32
22

Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan......

düýn 23:32
1.4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

düýn 23:14
2.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

düýn 23:10
1.1k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......