Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň internet saýtynda iş üpjünçiligi atly sahypa dörediler

  • 30.03.2019 21:35
  • 2.1k+

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet web-saýtynyň binýadynda «Iş üpjünçilik» sahypasy dörediler. Bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu teklip hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna we 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda taýýarlanyldy.

Onda guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar-hususy telekeçiler özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur hünärmenler, işçiler barada maglumatlary ýerleşdirmek arkaly iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirmek mümkinçiligi dörär. Munuň özi iş gözleýän raýatlaryň we iş hödürleýänleriň arasynda zerur maglumatlary alyşmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça maksatnamany ýerine ýetirmäge, elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ulgamyna geçilmegine kömek eder.

düýn 23:32
1.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

düýn 23:14
2.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

düýn 23:10
1.1k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

düýn 23:04
1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......