АСА-nyň çempiony Döwletjan Ýagşymyradow Türkmenistana geldi

  • 29.03.2019 16:36
  • 4.3k+

27-nji martda АСА-nyň (Absolute Championship Akhmat) ýeke-täk türkmenistanly wekili, bu başa-baş göreş ýaryşynyň çempiony Döwletjan Ýagşymyradow Türkmenistana geldi.

Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy fewralda Warşawada (Polşa) geçirilen ACA 92 ýaryşynda polşaly Karol Selinskiden tehniki nokaut bilen üstün çykyp, Absolute Championship Akhmatyň ilkinji çempiony hökmünde taryha girdi.

Howa menzilinden düşeninde, ýaryşlara hemişe Türkmenistanyň baýdagyny alyp çykmagynyň sebäbi soralanda, ol «men öz Watanymy örän söýýärin. Halkara ýaryşlarynda ýaşyl Tugumyz bilen çykmak meniň üçin belent mertebe» diýip jogap berdi, diýip Turkmenportal habar berýär. Türgeniň habar bermegine görä, ol ýurdumyzda 18-nji aprele çenli galar. Soň ol ýene türgenleşiklerini dowam eder.

Mundan öň, Döwletjan Ýagşymyradow 2018-nji ýylyň 5-nji maýynda Moskwada geçirilen ACB 86 ýaryşynda bu titulyň hereket edýän eýesi russiýaly Batraz Agnaýewden üstün çykyp, ACB-nyň (Absolute Championship Berkut) garyşyk başa-baş söweş boýunça çempion bolupdy.

düýn 23:32
1.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

düýn 23:14
2.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

düýn 23:10
1.1k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

düýn 23:04
1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......