Aşgabadyň iňlis dili mugallymlary halkara sertifikatlaryny aldylar

  • 29.03.2019 11:43
  • 1.7k+

Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan iňlis dili mugallymlarynyň on ikisi Ýewropa Bileleşiginiň we Beýik Britaniýanyň «PEARSON Education» iri kompaniýasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanda amala aşyrylýan halkara bilim maksatnamasynyň uçurymlary boldular, diýip «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Abraýly bilim maksatnamasynyň uçurymlaryna Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde dabaraly ýagdaýda halkara sertifikatlary gowşuryldy. Bu sertifikatlar onuň eýelerini iňlis dilini okatmakda milli tälimçi-usulyýetçi hökmünde ykrar edýär. Mugallymlaryň ýolbaşçylygynda okatmagyň iň täze usullaryny ulanmak bilen yzygiderli esasda okuw sapaklary gurnalar. Hünär derejesini tassyklaýan abraýly şahadatnamalaryň eýeleri eýýäm paýtagtymyzyň mugallymlaryndan düzülen toparlar üçin birnäçe görkezme tälim beriji sapaklary geçdiler. Ele alan innowasion tejribelerini bu mugallymlar iş ýüzünde — her mugallym öz mekdebinde amal etdiler.

düýn 23:32
1.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

düýn 23:14
2.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

düýn 23:10
1k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

düýn 23:04
928

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......