Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär

  • 29.03.2019 11:33
  • 1.5k+

27-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Tendo şäheriniň meri Ýamamoto Şindjin bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Şol gün türkmen wekiliýeti Ýamagata prefekturasynyň Tendo şäherindäki Wagýu sygyr etiniň önümçiligi boýunça «Ysyokuniku» zawodyna, şeýle hem üljäniň ösdürilip ýetişdirilmegi bilen meşgullanýn ýyladyşhana bardylar.

Wekiliýetiň agzalary şeýle hem Ýamagata prefekturasynda ýerleşen «Nagominousan» fermasyna baryp gördüler.

28-nji martynda saparyň çäklerinde Tokio şäheriniň Gubernatory Ýuriko Koiken bilen duşuşyk geçirildi. Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Odaýbada ýerleşen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň robot-tehnika merkezine bardy, bu ýerde  «Kawasaki» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň görkezilişi geçirildi.

düýn 23:32
1.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

düýn 23:14
2.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

düýn 23:10
1k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

düýn 23:04
928

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......