«Gazprom» türkmen gazyny satyn almak bilen bagly meseleleri maslahatlaşýar

  • 29.03.2019 10:06
  • 1.6k+

27-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Miller bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bar bolan köp ýyllyk tejribeleri we oňyn mümkinçilikleri nazara almak bilen, işjeň hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň bu kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşyk binýatlaýyn resminama bolup durýar. Şonuň esasynda taraplar degişli işleri alyp barýarlar.

Gepleşikleriň barşynda dünýä bazarynda ýokary islege eýe bolýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini nazarlaýan gazhimiýa senagatynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, nebitgaz toplumyny öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün etmek ýaly ugurlardaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy bellenildi.

düýn 23:32
1.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

düýn 23:14
2.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

düýn 23:10
1.1k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

düýn 23:04
1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......