Ussa_tm mobil goşundysyny we saýtyny täzeledi, indi ussalar özi barada bildiriş goýup bilýär

  • 22.10.2022 16:24
  • 14k+
Ussa_tm mobil goşundysyny we saýtyny täzeledi, indi ussalar özi barada bildiriş goýup bilýär

Gurluşykda hem hojalykda gerek bolan harytlaryň giň toplumyny bir ýerde jemleýän Ussa_Tm onlaýn dükany mobil goşundysyna we saýtyna täze bölümleri goşdy — «Brend» we «Ussalar».

Diňe bir gurluşyk işlerine başlanyňda däl, eýsem, gündelik durmuşda hem dürli ugurlara ýöriteleşen ussanyň hyzmaty gerek bolýar. Bu ýagdaýda ussany nireden gözlemeli? «USSA_TM» onlaýn dükany mobil goşundysynda we saýtynda ussalar üçin ýörite bölüm açdy.
Bu bölümde şu ugurlar boýunça ussalaryň hyzmaty hödürlenilýär:

  • Asma potolok işleri
  • Agaç we mebel işleri
  • Ýyladyş we sowadyş işleri
  • Aýna we gapy işleri
  • Üçek we bassyrma işleri
  • Gurluşyk işleri
  • Plitka we kafel işleri
  • Pol örtük işleri
  • Kebşirleýiş işleri
  • Santehnika işleri
  • Elektrik işleri
  • Timarlaýyş işleri
  • Boýag işleri

Ussa_tm onlaýn dükany işine ökde ussalary özleri barada maglumatlary mobil goşundysynda we saýtynda ýerleşdirip bermegi hödürleýär. Munuň üçin ussalara aşakda görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşmak ýeterlik.
Öň, TmCars.info gurluşyk harytlaryny bu onlaýn dükanynyň mobil goşundysyndan hem-de ussa.com.tm/ saýtyndan sargyt edip bolýandygy barada habar beripdi.
Iki dilde hereket edýän mobil goşundydan we saýtdan zerur bolan harydyňy tapmak aňsat. Onlaýn dükan gurluşyk harytlarynyň 10 müňden gowrak görnüşini özünde jemleýär, bu san gün-günden artýar. Munuň üçin harydyň adyny gözleg meýdançasyny ýazmak ýa-da «Kategoriýa» bölüminden saýlamak bolýar.
Indi bolsa harydy «Brend» bölüminden hem gözleg etmek bolýar. Bu bölümde dünýä belli 50-ä golaý brend bar. Müşderi Brend bölümine girip, görkezilen brendleriň içine girip, hödürlenilýän harytlary satyn alyp bolýar.
«USSA_TM» gurluşyk harytlary dükany müşderilerine sargan harytlaryny gysga wagtda eltip bermek, islege görä, gurnap bermek boýunça ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.
Tölegler häzirki wagtda nagt görnüşinde kabul edilýär, emma ýakynda nagt däl hasaplaşyklaryň hem ýola goýuljakdygy habar berilýär.
Eltip bermek hyzmaty şu günki günde Aşgabat we Änew şäherleriniň çägine amala aşyrylýar. Geljekde  Türkmenistanyň ähli çäginde söwda nokatlaryny açmak meýli bar.
«USSA_TM» gurluşyk harytlary dükanynyň mobil goşundysyny Play Market-den we App Store-den şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 65 72 55 42; +99364 08-92-60

24.09.2024 10:18
4.9k+

Türkmen telekeçisi täze «Raffi» atly mekgejöwen taýajyklaryny hödürleýär

Türkmen telekeçisi öňki öndürýän önümleriniň üstüne täze önümini — «Raffi» atly peýnir tagamly mekgejöwen taýajyklaryny hödürledi. Ýerli mekgejöwenden taýýarlanýan bu täze brend dynç alyşda, uzak ýola gidilende...

23.09.2024 19:34
14k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (23.09 - 29.09)

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +13... +15 gradusdan +18... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +25... +27 gradusdan +34... +36 gradus aralygynda yssy bolar. Ahal welaýatynda üýtgäp...

22.09.2024 15:59
6.8k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi Garaşsyzlyk mynasybetli uly arzanladyş yglan etdi

«Päkize» haly ýuwujy merkezi Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli hyzmatlaryna uly arzanladyş yglan etdi. «Isleg sizden — hyzmat bizden» şygaryna eýerýän bu haly ýuwujy merkez 15 ýyldan gowrak...

18.09.2024 00:04
7.2k+

Brendiňi köpçülige nädip tanadyp bolar? Logotipli ýeňsizler ýerine düşüp biler

A siz Türkmenistanda janly mahabaty gördüňizmi? Adaty mahabatdan tapawutlylykda, ol bir ýerde durman, ondan-oňa hereket edip durýar! Onuň üstünliginiň syry ýönekeý – bu siziň egin-eşiklerdäki mahabatyňyzdyr. Siziň...