Apple amerikan kompaniýasy gurluşy bazarda debýut edenden iki hepde geçensoň iPhone 14 Plus-yň hataryndaky smartfonlaryň önümçiligini kemeldýär. Bu barada sişenbe güni The Information portaly kompaniýanyň çeşmelerine salgylanyp habar berdi.
iPhone 14 Plus üçin komponentleri öndürijileriň biri agzalan model üçin şaýlary goýbermek işini haýal etmän togtatmak barada Apple-den görkezme aldy, Smartfon üçin ýörite moduly taýýarlaýan iki potratçy bolsa önümçiliginiň göwrümini 70% we 90% azaldýar diýip, portal belleýär.
Häzirki wagtda Apple-i satyn almak boýunça hünärmenler önüme bolan islegi täzeden bahalandyrýarlar.
Sentýabr aýynda Bloomberg agentligi Apple iPhone 14 smartfonlaryna islegiň ýokary däldigi sebäpli agzalan modeliň önümçilik göwrümini ulaltmazlygy makul tapdy diýip ýazdy.
ABŞ-da iPhone 14 we iPhone 14 Plus degişlilikde 799 dollar we 899 dollar bahadan satylýar.
1976-njy ýylda esaslandyrylan Apple kompaniýasy smartfonlary, iPad planşetleri, iMac kompýuterlerini, MacBook noutbuklaryny we beýleki ýokary tehnologiýaly tehnikalary öndürýär. Nasdaq biržasynyň bahalary boýunça, onuň bazar kapitallaşdyrylmasy häzirki wagtda 2,42 trln dollardyr.