«Real» «El Klasikoda» «Barselonadan» üstün çykdy

  • 16.10.2022 23:18
  • 11246
«Real» «El Klasikoda» «Barselonadan» üstün çykdy

Ispaniýanyň futbol boýunça çempionatynyň dokuzynjy tapgyrynda Madridiň «Realy» öz meýdançasynda «Barselonany» 3:1 hasap bilen ýeňdi. Duşuşyk ýekşenbe güni «Santýago Bernabeu» stadionynda geçirildi.

«Realdan» gollary Karim Benzema (12-nji minut), Federiko Walwerde (35) we Rodrigo (90+1, penalti) geçirdi. «Barselonadan» Ferran Torres (83) tapawutlandy.
«Real» Ispaniýanyň çempionatynda 12 oýun bäri ýeňilmän gelýär. Şeýlelikde «Real» 25 utuk toplap, Ispaniýanyň çempionatynda birinji orny eýeledi, «Barselona» bolsa 22 utuk bilen ikinji ýere düşdi.


şu gün 06:56
1702

UEFA Ýewro – 2024-de kapitan hökmünde meýdança oýunçylaryny bellemegi maslahat berýär

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) eminlik meseleleri boýunça müdiri Roberto Rozetti milli ýygyndylara 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda topar kapitany hökmünde meýdança oýunçylaryny saýlamagy...

13.05.2024 20:31
7251

“Bolonýa” 60 ýylda ilkinji gezek Çempionlar ligasyna gatnaşar

“Bolonýa” 2024/2025-möwsüminde Çempionlar ligasynyň gatnaşyjysy bolar. Topar esasy ýewrokubok ýaryşyna soňky 60 ýylyň içinde ilkinji gezek gatnaşar diýip,  “Çempionat” portaly habar berýär. Öň, “Bolonýa” Italiýanyň...

13.05.2024 15:55
18502

Madridiň “Realy” çempion kubogyny aldy

Madridiň “Realy” La Liganyň çempion kubogyny aldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.     Kubogyň gowşurylyş dabarasy klub bazasynda geçirildi, baýrak madridlileriň kapitany Naço Ispaniýanyň Patyşalyk...

12.05.2024 08:59
13484

Ýylyň iň gowy oýunçysy üçin “Global Soccer Awards” baýragyna dalaşgärler saýlandy

“Global Soccer Awards” tarapyndan 2024-nji ýylyň iň gowy oýunçysy adyna dalaş edýän futbolçylaryň sanawy belli boldy. 20 oýunçydan ybarat sanaw baýragyň X sosial ulgamynda ýerleşdirildi. Şeýlelikde, dalaşgärler...