«Real» «El Klasikoda» «Barselonadan» üstün çykdy

  • 16.10.2022 23:18
  • 11k+

Ispaniýanyň futbol boýunça çempionatynyň dokuzynjy tapgyrynda Madridiň «Realy» öz meýdançasynda «Barselonany» 3:1 hasap bilen ýeňdi. Duşuşyk ýekşenbe güni «Santýago Bernabeu» stadionynda geçirildi.

«Realdan» gollary Karim Benzema (12-nji minut), Federiko Walwerde (35) we Rodrigo (90+1, penalti) geçirdi. «Barselonadan» Ferran Torres (83) tapawutlandy.
«Real» Ispaniýanyň çempionatynda 12 oýun bäri ýeňilmän gelýär. Şeýlelikde «Real» 25 utuk toplap, Ispaniýanyň çempionatynda birinji orny eýeledi, «Barselona» bolsa 22 utuk bilen ikinji ýere düşdi.


düýn 23:07
4.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.5k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.9k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.8k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....