Samarkant 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde dalaşgär görkezildi

  • 16.10.2022 20:01
  • 5.9k+

Samarkant 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde dalaşgär görkezildi. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň netijesinde belli boldy diýip, centralasia.media belleýär.

Mejlisde çykyş etmek bilen, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew GDA giňişliginde hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biriniň medeni-ynsanperwer ugurdygyny belledi. Innowasiýa gatnaşyklaryny we ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen Mirziýoýew geljek ýyl Özbegistanda “Ýaşlar innowasiýa üçin” şygarynyň astynda GDA ýurtlarynyň ýaş alymlarynyň birinji Kongresini geçirmegi teklip etdi.
Ol Özbegistanyň mundan beýläk hem durmuşa geçirme işlerine işjeň ýardam etmäge we bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we sungat ugurlaryndaky bilelikdäki taslamalara we maksatnamalara gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Mirziýoýew Sankt-Peterburgyň 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmegini goldady. 2024-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde Samarkant dalaşgär görkezildi.
Şeýle-de, Mirziýoýew her ýyl küşt boýunça Arkalaşygyň Açyk kubogyny geçirmek pikirini öňe sürdi.


14.04.2026 16:16
5k+

Özbegistan Gazagystana seýrek taryhy resminamalary gowşurdy

Özbegistan Gazagystana Türküstan şäherindäki taryhy ýadygärlikler bilen baglanyşykly arhiw resminamalarynyň nusgalaryny gowşurdy. Resminamalary gowşurmak dabarasy Buhara şäherinde geçirilen resmi däl duşuşykda......

02.04.2026 10:40
9k+

Daşkentde emeli ýagyş ýagdyrylar

Howanyň hilini gowulandyrmak maksady bilen Daşkentde we Daşkent welaýatynda emeli ygal ýagdyrmak tehnologiýasy ulanylar. Bu çözgüt Özbegistanyň Prezidentiniň howanyň hilini gowulandyrmak baradaky Permanyna......

23.03.2026 15:56
4.3k+

Özbegistanda internetde paýyş sözleri we kemsitme ulananlar üçin jerimeler girizilýär

«Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Kanunçylyk palatasy internetde kemsitmeler we paýyş sözler üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan täze kanuny kabul etdi. Resminama häzirki wagtda Senatyň garamagyna iberildi» diýip, Gazeta...

07.02.2026 17:24
3.4k+

Aşgabatda Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda özbek şahyry, akyldary we döwlet işgäri Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy...