Samarkant 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde dalaşgär görkezildi

  • 16.10.2022 20:01
  • 5.8k+

Samarkant 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde dalaşgär görkezildi. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň netijesinde belli boldy diýip, centralasia.media belleýär.

Mejlisde çykyş etmek bilen, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew GDA giňişliginde hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biriniň medeni-ynsanperwer ugurdygyny belledi. Innowasiýa gatnaşyklaryny we ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen Mirziýoýew geljek ýyl Özbegistanda “Ýaşlar innowasiýa üçin” şygarynyň astynda GDA ýurtlarynyň ýaş alymlarynyň birinji Kongresini geçirmegi teklip etdi.
Ol Özbegistanyň mundan beýläk hem durmuşa geçirme işlerine işjeň ýardam etmäge we bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we sungat ugurlaryndaky bilelikdäki taslamalara we maksatnamalara gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Mirziýoýew Sankt-Peterburgyň 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmegini goldady. 2024-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde Samarkant dalaşgär görkezildi.
Şeýle-de, Mirziýoýew her ýyl küşt boýunça Arkalaşygyň Açyk kubogyny geçirmek pikirini öňe sürdi.


18.11.2025 18:09
3.1k+

Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň kino günleri geçirildi

Daşkentde Milli Kino köşgünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ylmy hem medeni toparlarynyň wekilleriniň, sungat işgärleriniň we ýaş ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresiň çäginde türkmen we özbek filmleriniň görkezilişi bolup geçdi...

16.11.2025 19:00
4.6k+

Heýkeltaraş Babasary Annamyradow "Geljegiň mirasy" halkara baýragynyň eýesi boldy

Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» (“Келажак мероси”) halkara baýragy bilen sylaglanyldy. Baýragy gowşurmak dabarasy Daşkent şäherindäki Yslam medeniýetiniň merkezinde Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi...

16.11.2025 18:40
988

Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde arheologiýa boýunça halkara kongrese gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresiň işine gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşirinde habar berilýär...

01.11.2025 09:39
1.2k+

Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisi öz işine başlady

30-njy oktýabr – 13-nji noýabr aralygynda Samarkant şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisi geçirilýär. Mejlise Türkmenistanyň medeniýet ministri A...