Halkara energetika agentligi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň derejesini peseltdi

  • 16.10.2022 09:25
  • 5.2k+
Halkara energetika agentligi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň derejesini peseltdi

Halkara energetika agentligi (HEA) 2022-nji ýylda nebite islegiň ösüşine çaklama berende ony günde 100 müň barrel peseldendigi agentligiň aýlyk hasabatyndan görünýär.

Seljerijiler 2021-nji ýylda islegiň bahasyny üýtgewsiz – 97,7 mln b/g çenli diýip goýdular, sentýabrdaky hasabat bilen deňeşdirilende 2022-nji ýyl üçin çaklama 100 müň b/g – 99,6 mln b/g çenli peseldilen. Şunlukda, 2022-nji ýylda HEA dünýäde nebite islegiň, bir aý mundan owalky 2 mln b/g deregine, 1,9 mln b/g öser diýip garaşýar. Şeýle-de, HEA 2023-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň bahasyny 101,8 mln b/g-dan 101,3 mln b/g çenli peseltdi. Şunlukda ulanyşyň ösüşiniň bahasyny 400 müň b/g peselmä tarap – 1,7 mln b/g-a çenli diýip seljerijiler düzetdiler.
Dünýä isleginiň bahasy dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen bagly, onsoňam OPEK+-yň nebit çykarmagy azaltmak boýunça kabul eden meýilnamasy sebäpli ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde düzedildi.


05.11.2024 14:40
2.2k+

OPEK+ ýurtlary ýanwara çenli nebit önümçiligini artdyrmazlyk kararyna geldi

OPEK+ ýurtlary 2024-nji ýylyň ahyryna çenli nebitiň gazylyp alynmagyny artdyrmazlyk kararyna geldi. Guramanyň saýtynda habar berlişi ýaly, geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri hereket edýän önümçiligi günde 2,2 mln...

03.11.2024 08:17
16k+

Türkmenistan GDA-da dizel ýangyjynyň elýeterli bahasy boýunça birinji orny eýeleýär

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda dizel ýangyjynyň baha taýdan elýeterliligi boýunça birinji orny eýeleýär. Bu barada “Kazinform” halkara habarlar agentligine salgylanyp, Orient ýazýar. Global petrol Prices...

26.10.2024 09:29
6.1k+

“Türkmennebit” DK sementleýji agregaty ornaşdyrmak barada BAE-niň kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

“Türkmennebit” döwlet konsernine Birleşen Arap Emirlikleriniň “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama metbugatda...

23.10.2024 10:30
6k+

Serdar Berdimuhamedow OGT-2024 halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlaýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara forumyna gatnaşyjylary gutlady. Forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika...