Gazagystanyň prezidentiniň wezipesine 12 dalaşgär hödürlendi

  • 14.10.2022 17:13
  • 10k+

Gazagystanyň Merkezi saýlaw topary (MST) respublikanyň prezidentiniň wezipesine  dalaş edýänlerden arzalaryny kabul etmekligi tamamlady.

«Merkezi saýlaw toparyna respublikan jemgyýetçilik guramalaryndan hödürlenen 12 dalaşgäriň resminamalary berildi» — diýip, çarşenbe güni geçen ýygnakda Merkezi saýlaw toparynyň sekretary Muhtar Ýerman aýtdy.

Onuň sözlerine görä, dalaşgärleriň kanunçylygyň talaplaryna laýyklygyny barlamak işi ýakyn günlerde tamamlanar.
Dalaşgärleri hödürlemeklik 23-nji sentýabrda başlanyp, 11-nji oktýabr güni sagat 18:00-da tamamlandy.

Merkezi saýlaw toparyna şu aşakdaky adamlar resminamalaryny bellige aldyrmak üçin berdiler: döwletiň häzirki baştutany Kasym-Žomart Tokaýew, ol jemgyýetçilik-syýasy güýçleriň halk bileleşigi tarapyndan hödürlendi; oppozision Umumymilli sosial-demokratik partiýanyň (USDP) başlygy Nurlan Auýesbaýew; «Amanat» respublikan kärdeşler arkalaşygynyň birleşiginden — Meýram Kažyken;   «Auyl» halk-demokratik watançylyk partiýasyndan — Žiguli Daýrbaýew; «Mukalmas» respublikan jemgyýetçilik birleşiginden (RJB) mejlisiň öňki deputaty Nuržan Altaýew; sosial işgärleriň milli alýansyndan — jemgyýetçilik işgäri Karakat Abden; «Gazagystanyň gurluşykçylar soýuzyndan» — onuň ýolbaşçysy Talgat Ýergaliýew; «Halyk demografiýasy» jemgyýetçilik birleşiginden — mejlisiň öňki deputaty Žumataý Aliýew; oralmanlaryň «Asar» respublikan jemgyýetçilik birleşiginiň wekili Haýrulla Gabžalilow; «Kazak analary – desturge žol» («Kazak eneleri – däp-dessura ýol») jemgyýetçilik birleşiginden — hukuk goragçysy Saltanat Tursynbekowa; «Kazahstanskaýa liga lýubiteleý futbola» jemgyýetçilik birleşiginden döwlet girdejileri departamentiniň işgäri Bakyt Žanabaýew; «Praktiçeskaýa psihologiýa» jemgyýetçilik birleşmesinden dalaşgär Fatima Bizakowa.
Gazagystanda nobatdan daşary prezident saýlawlaryny 20-nji noýabrda geçirmek bellendi.


16.12.2024 14:23
12k+

“Mançester Sitiniň” öňki futbolçysy Mihail Kawelaşwili Gruziýanyň Prezidenti boldy

Gruziýanyň parlamenti öňki futbolçy Mihail Kawelaşwilini Prezident saýlady. “Gruziýa arzuwy” dolandyryjy partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgär ýurduň ilkinji göni däl Prezident saýlawlarynda ýeke-täk dalaşgär...

16.12.2024 08:14
1.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti gazak halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi....

04.12.2024 20:37
7.6k+

Namibiýanyň Prezidenti ilkinji gezek aýal boldy

Namibiýada geçirilen Prezident saýlawlarynda aýal maşgala ýeňiş gazandy. Täze döwlet Baştutany “SWAPO – Namibiýanyň Günorta-Günbatar Afrikanyň halk guramasy” dolandyryjy partiýasyndan dalaşgär Netumbo Nandi-Ndaitwa...

19.11.2024 00:04
8.7k+

Türkmenistanyň Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Gazagystanda iş saparynda boldular

15-nji noýabrda Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Döwlet dolandyryşy we döwlet gullugy: häzirki wagty we geljegi” atly...