“Dior” moda öýi ekologiýa baýragyna mynasyp boldy

  • 04.10.2022 12:05
  • 7.2k+

“Dior” fransuz brendi “Forbes Fashion Week-iň” ekologiýa baýragy bilen sylaglandy. Bu barada “WWD” žurnaly ýazýar diýip, gazeta.ru belleýär.

Parižde Trophee Forbes we OniriQ dabarasy geçirilip, onda “Dior” brendine ýaş dizaýnerleri goldamak üçin döredilen “Forbes France” baýragy gowşuryldy. Fransuz brendi bu baýraga kenarýaka eşikleriniň kapsula hataryny döredendigi üçin mynasyp boldy. Moda öýüniň döredijilik müdiri Kim Jons ony ummanlary goramak boýunça täjirçilik däl gurama Parley for the Oceans bilen hyzmatdaşlykda döretdi.
Şeýle-de, brendiň “Dior in Green” maksatnamasy tarapyndan kesgitlenen durnukly ösüş ugrundaky hereketleri hem bellenildi.
2019-njy ýyldan bäri Kim Jons Parley bilen Maldiwleriň, Dominikan Respublikasynyň we Şri-Lankanyň kenarlaryndan ýygnalan plastik galyndylaryndan we balykçylaryň enjamlaryndan täze ýüplük döretmek boýunça bilelikdäki gözleg taslamasynyň üstünde işledi. Netijede, poliester döredilip, ol geçen ýylyň aprel aýynda çykarylan kenarýaka eşikleriniň hatarynda ulanyldy.

11.06.2026 13:03
7.3k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....