Meta täze işgärleri işe almagy bes edýär

  • 03.10.2022 11:03
  • 3740
Meta täze işgärleri işe almagy bes edýär

Meta amerikan korporasiýasy anna gününden başlap täze işgärleri işe almagy bes edýär we çykdajylary azaltmak boýunça işlere başlaýar. Bu barada korporasiýanyň işgärler bölüminiň ýolbaşçysy Lori Goleriň iş ýazgysy bilen tanşan “Financial Times” gazeti ýazýar. Muny TASS ýetirýär.

Onda kompaniýanyň wezipelere adam gözlemegi bes edýändigi we bu syýasatyň hereket edýän döwründe dalaşgärlere teklip hödürlemegi bes etjekdigi aýdylýar. Täze düzgünler şu ýylyň ahyrynda ýatyrylyp bilner. Mundan başga-da, Meta kompaniýanyň içinde eýýäm işi bar bolan işgärleri geçirmekden wagtlaýyn ýüz öwrer.
Bölümlere we toparlara ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we netijeliligi ýokarlandyrmak tabşyrylar. Umuman, korporasiýa döredilen gününden bäri ilkinji gezek uly üýtgedip gurma garaşýar. Şeýle ädimiň sebäbi hökmünde mahabatdan gelýän girdejiniň peselmegi we bazardaky bäsdeşligiň güýçlenmegi bellenilýär.
Heniz tomusda Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg işgärleri azaltmak meýilnamasyny yglan etdi. Bu mahabat berijileriň býujetiniň azalmagy sebäpli bazardaky şertleriň kynlygynyň, şeýle-de beýleki sosial ulgamlaryň, aýratynam, TikTok-yň meşhur bolmagynyň netijesi boldy.
Meta-nyň ýolbaşçylygy korporasiýanyň 2022-nji ýyl üçin umumy çykdajylary boýunça çaklamasyny hem 91-97 mlrd dollardan 85-88 mlrd dollara çenli azaltdy.


04.04.2024 11:56
16840

Forbes: 2024-nji ýylda milliarderleriň sany artdy, olaryň baýlygy rekord goýýar

“Forbes” žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk reýtingini neşir etdi. LVMH fransuz kompaniýasynyň eýesi Bernar Arno 233 mlrd dollar baýlygy bilen sanawda ýene-de birinji orny eýeledi. Geçen ýyl onuň baýlygy...

29.03.2024 21:11
3090

Ýewropa Komissiýasy Alphabet, Apple, Meta kompaniýalaryna garşy derňew işine başlady

Ýewropa Komissiýasy ÝB-niň sanly bazarlar baradaky kanunynyň, ähtimal, bozulmagy sebäpli Alphabet, Apple we Meta kompaniýalaryna garşy ilkinji derňew işine başlady. Bu barada ÝK-nyň metbugat gullugyna salgylanyp...

15.02.2024 18:58
6400

Sukerberg: Meta Quest 3-iň VR äýnegi Apple Vision Pro-dan has gowy we 7 esse arzan

Meta-nyň baş direktory Mark Sukerberg 500 dollarlyk Meta Quest 3 garnituryny Apple-iň ýaňy-ýakynda çykaran 3500 dollarlyk Vision Pro-sy bilen deňeşdirdi. Milliarder Quest 3-iň Apple-iň täze önüminden birnäçe ugurda...

04.02.2024 23:54
3657

Meta 196 milliard dollar gazanyp, bir günlük ösüş rekordyny goýdy

Facebook we Instagram sosial ulgamlaryna eýe bolan Meta korporasiýasy 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda 196 milliard dollar gazanyp, bir günlük ösüş rekordyny goýdy. Hünärmenler şeýle täsirli ösüşi diwidend tölegleriniň...