Tokioda Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak çäresi geçirildi

  • 27.09.2022 14:03
  • 20k+

Tokioda Nippon Budokan söweş sungaty zalynda Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak boýunça döwlet derejesinde çäre geçirildi.

Merhumy hatyralamak çäresine 4,5 müňe golaý adam, şol sanda 34 sany döwlet baştutany hem-de 14 sany öňki döwlet baştutanlary gatnaşdy. Türkmenistandan bu çärä Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bardy.
Bellenilişi ýaly, döwlet derejesinde jaýlamak çäresi Ýaponiýada 1967-nji ýyldan bäri, öňki premýer-ministr Sigeru Ýosidanyň aradan çykanyndan bäri ilkinji gezek geçirilýär.


24.01.2026 19:26
10k+

Ýaponiýa iň uly atom elektrostansiýadaky reaktory işe girizenden soň ony gysga wagtda togtatdy

Ýaponiýanyň Niigata prefekturasynda ýerleşýän we dünýäde iň uly hasaplanýan «Kasiwadzaki-Kariwa» atom elektrik stansiýasynyň reaktory gaýtadan işe girizilenden birnäçe sagat soň ýene-de wagtlaýyn togtadyldy. Bu barada BBC neşiri elektrik stansiýanyň operatory Tokyo Electric Power Company (TEPCO) kompaniýasyna salgylanyp habar berýär...

09.12.2025 06:49
11k+

Ýaponiýanyň demirgazygynda şu ýylda iň güýçli ýertitremesi boldy, sunami howpy yglan edildi

Ýaponiýada 7,2 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Bu barada NHK habarlar gullugy habar berýär. Ýertitremäniň ojagy Honşu adasynyň demirgazyk böleginden takmynan 80 kilometr gündogarda, deňizde ýerleşdi. Iň güýçli sarsgynlar Aomori prefekturasynyň ýaşaýjylary tarapyndan duýuldy...

11.08.2025 23:52
11k+

Ýaponiýada rekord dereje ýagyşlar we siller zerarly ewakuasiýa yglan edildi

Ýaponiýanyň ululygy boýunça üçünji adasy bolan Kýusýuda suw joşmalaryna we süýşgünlere getiren güýçli ýagyşlar sebäpli ýerli häkimiýetler köpçülikleýin ewakuasiýa yglan etdiler. Bu barada The Japan Times habar berýär...

16.07.2025 12:42
8.5k+

Ýaponiýanyň Tokara adalarynda 3 hepdäniň içinde 2000-den gowrak ýertitremesi bolup geçdi

Ýaponiýanyň uzakdaky Tokara adalarynda soňky üç hepdäniň dowamynda 2000-den gowrak ýertitremeleri bolup geçdi. Käbir ýer yranmalarynyň magnitudasy 5 baldan geçdi. Bu barada Ýaponiýanyň Meteorologiýa guramasy habar berdi...