Tokioda Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak çäresi geçirildi

  • 27.09.2022 14:03
  • 20k+

Tokioda Nippon Budokan söweş sungaty zalynda Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak boýunça döwlet derejesinde çäre geçirildi.

Merhumy hatyralamak çäresine 4,5 müňe golaý adam, şol sanda 34 sany döwlet baştutany hem-de 14 sany öňki döwlet baştutanlary gatnaşdy. Türkmenistandan bu çärä Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bardy.
Bellenilişi ýaly, döwlet derejesinde jaýlamak çäresi Ýaponiýada 1967-nji ýyldan bäri, öňki premýer-ministr Sigeru Ýosidanyň aradan çykanyndan bäri ilkinji gezek geçirilýär.


02.06.2026 20:28
7.5k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.2k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

20.04.2026 20:13
7.1k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......

24.02.2026 19:37
16k+

Osaka şäherinde näbelli bir adam suw üpjünçiligini oňartmak üçin 21 kg altyny haýyr-sahawatyna berdi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde adynyň aýdylmagyny islemedik sahawatly bir adam şäheriň suw üpjünçilik ulgamyny täzeletmek üçin 21 kilogram altyn böleklerini peşgeş berdi. Osakanyň häkimi Hideýuki Ýokoýamanyň gürrüň bermegine görä, altynlar şäheriň suw üpjünçilik müdiriýetine tabşyryldy we olaryň satuwyndan geljek serişdeleri könelen suw turbalaryny bejermek üçin ulanmak meýilleşdirilýär...