Suratçy ýapon suwlarynda seýrek duş gelýän ak kosatkany surata düşürdi

  • 08.03.2025 08:40
  • 6.7k+

Ýabany tebigatyň suratçysy Tokuýuki Haýakawa Ýaponiýanyň demirgazyk kenarlarynda ýerleşýän Rausu obasynyň ýakasynda seýrek duş gelýän ak kosatka balygyny surata düşürdi diýip, «PetaPixel» neşiri habar berýär.

Haýakawanyň aýtmagyna görä, ol soňky 15 ýyl bäri Rausuda kosatkalary surata düşürip gelýär, ýöne ak reňklisini ilkinji gezek görüpdir.
Ak kosatkalar gaty seýrek duşýar, olaryň üýtgeşik reňkiniň sebäbi bolsa «leýkizm» diýilýän hadysa bilen baglanyşyklydyr. Bu mutasiýada haýwanyň derisinde we tüýlerinde pigmentasiýa bölekleýin ýitýär. Käwagt leýkizmi albinizm bilen çalyşýarlar. Emma albinizmde melanin öndürýän öýjükler bar, leýkizmde bolsa pigment öýjükleri düýbünden bolmaýar



08.06.2026 13:01
9.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.6k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

20.04.2026 20:13
7.1k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......