iPhone 14 Pro-nyň täze funksiýasyny barlamak üçin bloger ýöriteläp öz ulagyny döwdi

  • 24.09.2022 13:02
  • 26286
iPhone 14 Pro-nyň täze funksiýasyny barlamak üçin bloger ýöriteläp öz ulagyny döwdi

TechRax lakamy bilen YouTube kanalynda çykyş edýän bloger täze iPhone 14 Pro-da oturdylan ýol heläkçiligi hakynda habar berýän funksiýany çynlakaý usul bilen synagdan geçirmegi  karar etdi. Munuň üçin ol hakyky kraş-test gurnady we ulagyna zeper ýetirdi.

Bloger synagy geçirmek üçin öz topary bilen meýdançada, ulagly baryp kakar ýaly, awtoulaglaryň döwük böleklerinden böwet döretdi. Ulagy uzak aralykdan dolandyryp, smartfony ulagyň oturgyçlarynyň birine skoçlap berkitdiler.
Birinji synanyşykda ulag pes tizlikde ýöredi. iPhone çaknyşygy bellige alyp, halas ediş gullugyna awtomatik usulda jaň etmek üçin wagt hasaplamaga başlady. Şonda synag geçiriji munuň ara 10 sekunt salym salnyp ýerine ýetirilendigini bellige aldy.
Ikinji synanyşyk has ýokary tizlikde geçirildi we bu hem üstünlikli boldy. Elektronika zarbany kesgitläp, dessin gulluga ýüz tutmak üçin wagty hasaplap başlady.


Ýol heläkçiligi hakynda awtomatik habar berýän Crash Detection atly tehnologiýa iPhone 14-iň ähli modellerinde, şeýle hem Apple Watch Series 8-iň «akylly» sagatlarynda peýda boldy.


şu gün 10:49
26

Apple iPhone 16 Pro-nyň ekranlarynyň ýagtylygyny ep-esli ýokarlandyryp biler

Ýakynda çykjak flagman iPhone 16 Pro-nyň displeýleri SDR-kontenti oýnadylanda ozalkydan 20% ýagty bolar. Rozetked portaly bu barada hytaýly insaýderlere salgylanyp ýazýar. Syzdyrmalara görä, displeýleriň adaty...

11.05.2024 08:46
6913

Tim Kuk täze iPad Pro-ny hut şonda döredilen Nike krossowkalarynda tanyşdyrdy

7-nji maýda täzelenen iPad Pro-nyň tanyşdyryş dabarasynda Apple-iň ýolbaşçysy Tim Kuk adaty bolmadyk krossowkalarda peýda boldy. Görlüp oturylsa, ol krossowkalar ýörite şol çäre Nike kompaniýasy tarapyndan döredilen Air...

10.05.2024 21:30
8065

Apple sazandalary we suratkeşleri kemsiden iPad Pro-nyň reklamasy üçin ötünç sorady

Apple kompaniýasy sosial medialarda güýçli nägileliklere sebäp bolan täze iPad Pro planşetiniň reklama wideosy üçin ötünç sorady diýip, Deadline habar berýär. Wideoda saz gurallary, fotoapparatlar we sungat esbaplary...

08.05.2024 22:26
3414

Fortune 100-e girýän Gucci we beýleki kompaniýalar eýýäm Apple Vision Pro-ny iş üçin ulanýarlar

Apple Vision Pro iri kompaniýalaryň arasynda meşhurlyk gazanýar. Apple-iň baş direktory Tim Kukyň sözlerine görä, Fortune 100 kompaniýalarynyň ýarysy işinde garyşyk hakykat garniturasynyň bu modelini eýýäm ulanýar...