UEFA Ýewrokuboklaryň hem-de MLS-iň ýeňijileriniň gatnaşmagynda täze ýaryş döreder

  • 24.09.2022 12:35
  • 9.6k+

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasynyň, Ýewropa ligasynyň, Konferensiýalar ligasynyň we Demirgazykamerikan Baş futbol ligasynyň (MLS) ýeňijileriniň gatnaşjak turnirini döretmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada çarşenbe güni The Guardian britan neşiri habar berdi.

Çeşmäniň berýän habaryna görä, UEFA-nyň Superkubogynyň deregini tutjak turniriň birinji oýnuny 2024-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaryşlara degişli meseleler 22-23-nji sentýabrda Stambulda geçjek Klublaryň ýewropa assosiasiýasynyň baş assambleýasynda ara alnyp maslahatlaşylar.
UEFA-nyň Superkubogy 1972-nji ýyldan bäri geçirilýär, 1999-njy ýyla çenli oňa Ýewropa çempionlarynyň kubogynyň (häzir - Çempionlar ligasy)  we 1999/00-möwsüm gutaransoň ýatyrylan Kubok eýeleriniň kubogynyň ýeňijileri gatnaşypdy. 2000-nji ýyldan bäri baýrak Çempionlar ligasynyň we Ýewropanyň ligasynyň (2009-njy ýyla çenli - UEFA-nyň kubogy) ýeňijileriniň arasynda oýnalýar. 2021/22-möwsümden bäri ýene üçünji ýewropa klub turniri - Konferensiýalar ligasy geçirilýär.


düýn 19:46
5.8k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4.2k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2.1k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......

düýn 17:02
4.4k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......