Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijiler ykdysady taýdan höweslendiriler

  • 23.09.2022 23:23
  • 20k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Degişli resminama türkmen Lideri 23-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda gol çekdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu resminama ýurdumyzyň oba hojalykçylaryny bugdaýyň, pagtanyň we gant şugundyrynyň bol hasylyny öndürmäge, bu ekinleriň hasyllylyk derejesini ýokarlandyrmaga hem-de hojalyklardaky mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Oňa laýyklykda, 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we gant şugundyrynyň gaýtadan işlemekden alynýan iýmlik önümleriň kesgitlenen möçberlerini olary öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak göz öňünde tutulýar.


şu gün 17:31
32

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
627

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....