Italiýaly fermerler elektrik energiýasyny tygşytlamak üçin hasyly gowaklarda saklap başlady

Italiýaly fermerler elektrik energiýasyny tygşytlamak üçin hasyly gowaklarda saklap başlady

Italiýanyň demirgazygyndaky fermerler alma hasyllaryny saklamak üçin tebigy holodilnikler hökmünde gowaklary ulanyp başladylar. Şeýlelik bilen, olar elektrik üçin sarp edilmeli puly tygşytlaýarlar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Muny plus-one.ru ýetirýär.

Predaýýa şäherindäki miweli baglaryň eýeleri ýerli baýyrlaryň astyndaky uly giňişliklerde 34 meýdança döretdiler. Şol ýerde ýygnalan miweleriň 13%-ini ýa-da 40 tonna çenli önüm ýerleşdirmek bolýar.
Sowadyjy zolaklaryň içinde almalar biri-birine goýlan plastik gutularda saklanýar.
Gowak saklaýjysyna ýolbaşçylyk ediji Mauro Erliheriň aýtmagyna görä, ýerasty ammarlar elektrik üçin çykdajylary 32% azaltdy. Menejer ulanyp başlamazdan ozal giňişligiň gaz bilen sowadylýandygyny, şonuň netijesinde olarda 1°C durnukly temperaturanyň saklanýandygyny düşündirýär.
Fermerler ilkibaşda almalary gowaklarda saklamak pikirine şübhe bilen garandyklaryny, ýöne soň olaryň artykmaçlyklaryna we tygşytlylygyna oňyn baha berendiklerini bellediler.