Mark Sukerberg ýylyň başyndan bäri $71 mlrd ýitirdi

  • 21.09.2022 14:18
  • 9k+

Meta kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Mark Sukerbergiň baýlygy ýylyň başyndan bäri tas iki esse - $71 mlrd azaldy diýip, Bloomberg habar berýär. Bu agentlik tarapyndan düzülýän milliarderleriň indeksinde iň uly pese gaçyşdyr diýip, incsrussia.ru belleýär.

2022-nji ýylyň birinji ýanwarynda Sukerberg reýtingde altynjy orny eýeleýärdi. 16-njy sentýabra çenli ýagdaýa görä, ol 14 orun aşak düşdi we häzir $55,9 mlrd bilen 20-nji orny eýeleýär. Bu Sukerbergiň 2014-nji ýyldan bäri iň pes görkezijisi.
2020-nji ýylda onuň baýlygy 106 mlrd dollara barabardy, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa iň ýokary derejä – 142 mlrd dollara ýetdi. Oktýabr aýynda Sukerberg Meta-ny hödürledi. Şondan soň onuň baýlygy azalyp başlady.
Fewral aýynda Facebook aýlyk ulanyjylarynyň sanyny artdyryp bilmedi. Bu hem kompaniýanyň paýnamalary üçin bahalaryň pese gaçmagyna getirdi, Sukerbergiň baýlygy bolsa $31 mlrd azaldy. Bu taryhda iň uly pese gaçyşlaryň biridir.
Meseleleriň ýene biri hökmünde Bloomberg-iň analitikleri Instagram-yň Reels-e bil baglamagyny belleýärler. Olar mahabatdan az girdeji getirýär.
Dünýäniň tehnologiýa liderleriniň (Facebook, Amazon, Apple, Netflix, Google) arasynda iň ýaramaz ýagdaý Netflix-de görülýär. Kompaniýanyň paýnamalary 2022-nji ýylda 60% pese gaçdy. Onuň yzyndan Meta gelýär – pese gaçyş 57%. Alphabet 29%, Amazon 26%, Apple 14% pese gaçyşy görkezdi.


10.07.2025 23:31
1.3k+

Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi

Apple-yň emeli aň boýunça öňdebaryjy hünärmenlerinden biri bolan Ruoming Pang kompaniýany terk edip, Meta geçýär. Bloomberg agentliginiň habaryna görä, ol täze döredilen Superintelligence Labs laboratoriýasynda esasy wezipä bellener...

03.07.2025 14:58
2.3k+

Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi

Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder...

20.06.2025 19:06
3.4k+

OpenAI-iň ýolbaşçysy Meta-nyň hünärmenleri $100 mln bonus bilen çekmek synanyşygy barada aýtdy

OpenAI-iň baş direktory Sem Altman Mark Sukerbergiň Meta korporasiýasynyň öz kompaniýasynyň işgärlerini özüne çekmek üçin 100 mln dollara çenli möçberde bonus hem-de has ýokary ýyllyk töleglerini hödürländigini aýtdy...

19.06.2025 17:01
3.8k+

Meta akylly äýnekleri döretmekde Prada moda öýüni işe çekdi

Meta kompaniýasy Prada italýan moda brendi bilen hyzmatdaşlykda emeli aň funksiýalary bilen akylly äýnekleri işläp taýýarlaýar. Gurluşyň çykjak senesi heniz belli däl. Taslama Meta-nyň tehnologiýalary moda pudagyna ornaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidir...