Gazagystan bugdaýyň we unuň eksportyna gadaganlygy ýatyrdy

  • 20.09.2022 23:59
  • 17k+

Gazagystan bugdaý bilen unuň eksportyna girizilen gadaganlygy ýatyrdy. Bu barada Respublikanyň oba hojalyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

"Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 14-nji sentýabryndan bugdaýyň we unuň eksportyna girizilen gadaganlyk ýatyryldy. Degişli buýruga oba hojalyk ministri Ýerbol Karaşukeýew gol çekdi. Şeýlelikde, gazak oba hojalyk önüm öndürijileri hiç hili çäklendirmesiz bugdaýy we uny daşary ýurtlara satyp bilerler» — diýlip, edaranyň saýtyndaky habarda aýdylýar.

Ýatlatsak, aprel aýynda Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi 15 iýuna çenli bugdaýyň we unuň eksportyny gadagan edýän buýruk çykardy. Oňa derek önüm öndürijiler 10%-i içerki bazarlara bellenilen has arzan bahadan satmaly edildi. Soňra çäklendirme 30-njy sentýabra çenli uzaldyldy.


01.12.2025 14:03
6.7k+

2026-njy ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýen at Andijana geçirildi

28-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Aktauda şäherinde (Gazagystan) Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmen wekiliýtine Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýolbaşçylyk etdi...

30.11.2025 09:21
3.2k+

Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi

28-nji noýabrda Almaty şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Gazagystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (UNRCCA) ýardam bermeginde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

29.11.2025 21:42
2.5k+

CESI kompaniýay Hazarüsti ýaşyl energetika geçelgesiniň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň birinji tapgyryna başlaýar

Hazarüsti ýaşyl energetika geçelgesi (Merkezi Aziýa – Azerbaýjan) atly strategik taslamany durmuşa geçirmegiň wajyp tapgyry başlandy. Halkara bäsleşigiň netijesinde Italiýanyň CESI S.p.A. kompaniýasy taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň (TYE) birinji tapgyryny ýerine ýetirer...

28.11.2025 10:26
5.5k+

Türkmenistan bilen Gazagystan Temirbaba we Bekdaş aralygynda ýerasty optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurar

Astana şäherinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary – emeli aň we sanly ösüş ministri Žaslan Madiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde boldy...