Leonardo Di Kaprionyň «Kalmar oýnunda» surata düşmegi mümkin

  • 17.09.2022 15:55
  • 15k+

Leonardo Di Kapriony "Kalmar oýny" serialynyň üçünji möwsümindäki surata düşürilişine çagyrmaklary mümkin. Bu barada Seulda geçen Netflix metbugat konferensiýasynyň barşynda serialyň režissýory Hwan Don Hek mälim etdi diýip, Variety habar berýär.

"Leonardo Di Kaprio "Kalmar oýnunyň" ölemen aşygy, şonuň üçinem, wagty gelip, nesibesi çekse, biz ondan tomaşa goşulmagy haýyş ederis" - diýip, filmi goýujy aýtdy.

Şeýle-de, ol ikinji möwsümde tomaşaçylaryň ekranda golliwud aktýorlaryna gabat gelmejekdigini, wakalaryň bolsa Koreýanyň çäginde ýaýbaňlanjakdygyny habar berdi. Ýöne üçünji möwsümde filmiň düşüriljek meýdançasy üýtgese gerek.
"Kalmar oýnunyň" Netflix-däki ilkinji görkezilişi 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda bolupdy. Filmiň sýužeti boýunça maliýe kynçylygyny başdan geçirýän gahrymanlar uly pul baýragy üçin ölüm howply oýna gatnaşmaga razylyk berýärler.


25.02.2026 22:11
2.2k+

Netflix «Tekepbirlik we gümanalyk» romanynyň täze ekranlaşdyrmasynyň tizerini görkezdi

Netflix özüniň YouTube kanalynda Jeýn Ostiniň «Tekepbirlik we gümanalyk» («Гордость и предубеждение») romanynyň täze taslamasynyň tizerini görkezdi. Garaşylýan mini-serialda baş keşbi Emma Korrin ýerine ýetirýär...

06.02.2026 17:00
1.1k+

YouTube 2025-nji ýylda 60 mlrd dollar gazanyp, Netflix-den öňe geçdi

YouTube wideohostingi 2025-nji ýylda täsirli maliýe netijelerini görkezdi: mahabatdan we ýazylyşyklardan gelýän umumy girdeji 60 mlrd dollara ýetdi. Bu görkezijiler platforma 45,18 mlrd dollar gazanan Netflix-den ep-esli öňe geçmäge we dynç alyş-güýmenje pudagynyň lideri bolan Disney kompaniýasyna (95,7 mlrd dollar) ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi...

06.02.2026 13:01
561

LEGO we Netflix «Keý-pop melgun awçylary» multfilmi boýunça toplum döredýärler

​LEGO we Netflix «Keý-pop melgun awçylary» (K-Pop Demon Hunters) multfilmi esasynda birnäçe toplumlaryny yglan etdiler. Birinji toplumy şu ýylyň ýazynda sargyt edip bolar, satuwa bolsa tomusda çykar. ​Tizerde gaplaňy ýatladýan, pişikler maşgalasyndan bolan täsin jandar — Derpi görkezildi...

04.02.2026 08:49
1.1k+

«Gaty geň zatlaryň» animasiýa spin-offy – «85-nji ýylyň hekaýatlary» tizer-treýleri çykdy

Netflix platformasy «Gaty geň zatlar: 85-nji ýylyň hekaýatlary» atly taslamanyň tizer-treýlerini çykardy. Bu «Gaty geň zatlaryň» animasiýa görnüşindäki spin-offy bolup, onda bolup geçýän wakalar serialyň ikinji we üçünji möwsümleriniň arasyndaky döwri öz içine alar...