YouTube sazandalara bir ýylda 6 mlrd dollardan gowrak töledi

  • 16.09.2022 20:34
  • 5.7k+

YouTube wideohostingi soňky 12 aýda aýdym-saz pudagyna 6 mlrd dollardan gowrak töledi. Bu bir ýyl ozalkydan 2 mlrd dollar köpdür diýlip, kompaniýanyň resmi blogunda Lior Koen habar berdi. Ol YouTube-yň aýdym-saz ugruna ýolbaşçylyk edýär diýip, incrussia.ru belleýär.

Koen 2025-nji ýyla çenli kompaniýanyň mahabatyň we abuna ýazylyşygynyň hasabyna pudak üçin esasy girdeji çeşmesine öwrülmek isleýändigini belledi. “Şonuň üçin YouTube 100-den gowrak ýurtdaky ähli aýdym-saz formatlaryny monetizasiýa edýär. YouTube-da aýdym-saz mazmunyna tomaşa etmegiň umumy wagty hem ýyl-ýyldan ýokarlanýar” – diýip, ol aýtdy.
YouTube ulanyjy tarapyndan döredilen mazmuny hem monetizasiýa etdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, UGC mazmuny awtorlyk hukugynyň eýelerine tölenýän tölegleriň 30%-den gowragyny düzýär.


düýn 23:19
1.7k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.8k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......