Geely özüniň iň kiçi awtomobilini hödürledi

  • 13.09.2022 23:30
  • 11k+

Geely kompaniýasy özüniň iň kiçi awtomobilini hödürledi. M2 adyny alan awtoulag aýratyn subbrend – Geometry bilen satylar. Hytaýyň CarsNewsChina portalynyň habar bermegine görä, täze awtoulag noýabr aýynda Guançžouda geçiriljek awtosalonda ilkinji gezek köpçülige görkeziler. Bu barada autonews.ru habar berýär.

Awtomobiliň ýerli bazarda satuwy şu ýyyň ahyryna çenli başlar. Modeliň bahasy soňrak mälim ediler. Kompaniýa täze awtoulagyň beýleki ýurtlara-da eksport ediljekdigini nygtaýar.
Geometry-nyň uzynlygy 3 metrden sähel geçýär. Dört orunly hetçbegiň agramy 715 kg barabar. Awtomobil tegelek faralara, 13 dýuýmlyk teker disklerine, relýef kapotyna we panorama üçegine eýe boldy.
Iki gapyly awtoulag öňdäki okda oturdylan elektrik hereketlendirijisi bilen hereket edýär. Gurluşyň kuwwaty 27 ýa-da 41 at güýjüne deň. Hetçbegiň ýol ätiýajy bolsa häzirlikçe belli däl.

şu gün 07:52
3

Toyota 2025-nji model ýylynyň Alphard we Vellfire ulaglaryny görkezdi

Kompaniýa 2025-nji ýylyň Alphard we Vellfire modellerini yglan etdi, olarda maşgalanyň taryhynda ilkinji bolup zarýad berilýän gibrid elektrik gurluşly wersiýalar peýda boldy. Ol 2,5 litrlik içinden ýandyrylýan hereketlendirijiden...

şu gün 07:34
44

Volkswagen 35 müň işgärini azaldar we Golf-yň önümçiligini Meksika göçürer

Volkswagen kompaniýasy IG Metall-iň kärdeşler arkalaşygy bilen önümçilik proseslerini giňişleýin gowulandyrmak barada ylalaşyk gazandy diýip, Carscoops habar berýär. Kompaniýa 35 müň iş ýerini azaltmagy we nemes...

24.12.2024 15:49
6.8k+

Honda bilen Nissan birleşse, dünýäde üçünji iri awtoöndüriji bolar

Ýaponiýanyň Honda we Nissan kompaniýalary birleşmek baradaky gepleşiklere başladylar. Bu olary ululygy boýunça dünýäde üçünji uly awtoulag öndürijisine öwrer. 23-nji dekabrda Nissan-yň web sahypasynda "ara alyp...

24.12.2024 10:28
7.2k+

Ford ýolsuz ýerlerden geçip bilýän Ford Expedition Tremor 2025-i hödürledi

Ford ilkinji gezek Tremor wersiýasyny öz içine alýan,  Expedition 2025 wnedorožnikleriniň täzelenen hataryny görkezdi. Täze ulag ýolsuz ýerlerde ýokary mümkinçilikleriň we premial rahatlygyň utgaşmasyny hödürleýär...