Geljegiň Hyundai Crater ulagy hödürlendi

  • 25.11.2025 16:43
  • 5.1k+

Hyundai ABŞ-da Crater ady bilen täze SUV konseptini hödürledi. Model XRT hatarynyň ideýalaryny görkezýän dizaýn tejribesi hökmünde döredildi.

Kompaniýa entek Crater-iň önümçilik modeli boljakdygyny habar bermeýär. Ýöne ozal ýolbaşçylyk täze ramaly modelleriň peýda boljakdygy barada aýdypdy.
Crater burçly we agressiw dizaýna, beýik klirense, 33 dýuýmlyk tigirlere we ýolsuz ýerden sürmek üçin aksessuarlar toplumyna: tirkeg üçin halkalara, goşmaça çyraly üçek bagažyna we aýnany şahalardan goraýjy elemente eýe boldy.


Salon iki tarapa açylýan gapylary, dört sport oturgyjy we howpsuzlyk karkasy bilen tapawutlanýar. Bagaž ýeriniň bir bölegini audioulgam ýaly görünýän konstruksiýa eýeleýär. Enjam paneli dört sany uly bolmadyk ekrandan we öňdäki aýnanyň aşaky bölegindäki proýeksiýa displeýinden ybarat. Gapdal aýnalaryň ýerindäki aýrylýan çyralar bolsa yzy görmek üçin kameralar hökmünde ulanylýar. Rul süýri görnüşde bolup, onda sürüş režimini saýlamak üçin düwmeler ýerleşdirildi.


Tehniki aýratynlyklar barada maglumat berilmeýär, ýöne tigirara differensialy blokirlemek ulgamy barada agzalyp geçilýär. Ýapyk radiator gözenegi we gaz çykarýan turbalaryň bolmazlygy bolsa ulagyň elektrik ýa-da gibrid boljakdygyna yşarat edýär.
Pikirleriň birine görä, bu konsept önümçilik krossowerleriniň has güýçli wersiýalarynyň ösüş ugruny görkezýär. Başga bir pikire görä, ol geljekki SUV ulaglarynyň garalama nusgasy bolup hyzmat edýär. Eger taslama tassyklansa, ondan öň ramaly pikap peýda bolup biler.



15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....