Прогноз погоды в Туркменистане на неделю (12.09 — 18.09)

  • 11.09.2022 20:05
  • 29k+

Türkmenistanda sentýabryň başynda yssy bolanam bolsa, öňümizdäki hepde ülkämiz boýunça temperaturanyň ortaça +31 dereje bolmagyna garaşylýar. Bu geçen hepde bilen deňeşdirilende,​ ​ dört dereje salkyndyr.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda öňümizdäki hepdäniň dowamynda ortaça temperatura, geçen ýedi gün bilen deňeşdirilende, dört dereje salkynlap,​ +31 dereje bolar. Duşenbe güni​ +28, sişenbe güni​ +31, çarşenbe güni bolsa​ +35 derejä çenli yssy bolmagyna garaşylýar.

Penşenbe güni temperaturanyň aňrybaş derejesiniň​ +34 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Anna güni howa​ +30 dereje bolar we az-kem ýagyn ýagar. Şenbede howa​ +31, ýekşenbede bolsa​ +33 derejä çenli gyzar.

Balkan welaýatynda öňümizdäki hepde howanyň, geçen hepdäniňki bilen deňeşdirilende, bir dereje aşaklap, +32 dereje bolmagyna garaşylýar. Howa maglumaty gullugy duşenbe güni howa +30 dereje bolup, tizligi sekuntda 15 metre ýetýän güýçli şemal bolar diýip çaklaýar. Sişenbe güni howanyň +33, çarşenbe güni bolsa​ +37 derejä çenli gyzmagy mümkin.​ ​ ​

Penşenbede aňrybaş temperatura​ +31 derejä çenli peseler. Anna güni howa +30 dereje bolar. Şenbe güni termometriň sütünjigi​ +31 derejä, ýekşenbe güni bolsa​ +33 derejä çenli ýokary galar.

Daşoguz welaýatynda ortaça temperaturanyň dört dereje aşaklap, +28 dereje bolmagyna garaşylýar. Duşenbe güni temperaturanyň +24, sişenbe güni bolsa​ +27 dereje bolmagy mümkin.

Çarşenbe güni howa +30, penşenbe güni bolsa​ +33 derejä çenli gyzar diýip garaşylýar. Anna güni temperatura​ +29 dereje töweregi bolar we hepdäniň ahyryna çenli termometriň sütünjigi şol derejede saklanar.

Mary welaýatynda öňümizdäki hepde howanyň ortaça temperaturasy, geçen hepde bilen deňeşdirilende, bäş dereje peselip,​ +32 derejäni görkezer. Duşenbede howanyň +27, sişenbede​ +30 dereje bolmagyna garaşylýar.

Çarşenbe güni howa​ +34 derejä çenli gyzar, penşenbe güni bolsa termometriň sütünjigi eýýäm +37 derejä ýeter. Anna gününden başlap, hepdäniň ahyryna çenli temperatura​ +32 derejede saklanar.​

Lebap welaýatynda öňümizdäki hepde ortaça temperatura, geçen hepde bilen deňeşdirilende, alty dereje peselip,​ +31 dereje bolar. Duşenbe güni temperaturanyň​ +26 dereje bolmagyna garaşylýar. Sişenbede howa​ +30 derejä çenli gyzar.

Çarşenbe güni termometriň sütünjigi​ +33, penşenbe güni bolsa​ +35​ derejäni görkezer. Anna güni​ bulutly howa bolup, temperaturanyň +34 dereje bolmagyna garaşylýar. Dynç günleri termometriň sütünjigi​ +31 derejä çenli aşaklar.


22.06.2026 14:18
7.6k+

Под знойным дыханием июня: Туркменистан накрывает жара до +43°С

Служба по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды Туркменистана поделилась прогнозом погоды на эту неделю (22–28 июня)....

08.06.2026 15:19
7.2k+

Прогноз погоды в Туркменистане: дождь в начале недели

Служба по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды предоставила прогноз погоды по Туркменистану на неделю (8–14 июня)....

25.05.2026 11:42
8.5k+

Последние дни мая принесут Туркменистану дожди и сорокаградусную жару

Служба по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды Туркменистана опубликовала прогноз погоды по Туркменистану на эту неделю....

11.05.2026 09:43
11k+

Прогноз погоды в Туркменистане: май готовит нас к лету, +40 °C с перерывами на дожди

Служба по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды Туркменистана предоставила прогноз погоды на эту неделю....