200 000 epleme. Samsung-yň täze eplenýän smartfonlarynyň ömri näçeräkkä?

  • 04.09.2022 12:15
  • 19k+

Eplenýän smartfonlaryň muşdaklaryny, esasan, onuň  ekranynyň berkliginiň näderejedeligi baradaky sowal biynjalyk edýär. Onuň sebäbi düşnükli: eplenýän telefonlar dynuwsyz ulanylanda tiz hatardan çykmak, ekrany zaýalanmak töwekgelçiligi we beýleki meseleleri bar. Hut şonuň üçinem täze — entek tanyşdyrylanyna köp wagt geçmedik Samsung Galaxy Z Fold4 we Galaxy Z Flip4 dewaýslarynda şu ýagdaýyň nähilidigini bilmek gyzykly.

Galaxy Z Fold 4 barada aýdylanda, Samsung öz işinde smartfondan planşete transformasiýa etmeklige jogap berýän şarniri kämilleşdirmeklige uly üns berdi. Optimasiýa onuň konstruksiýasynyň taýsyz ygtybarlylygyny gazanmaga mümkinçilik berdi. 200 000 gezek epläp-ýazylyp geçirilen synag munuň şeýledigini görkezdi.
Galaxy Z Flip 4 babatynda bolsa, Samsung onuň hem bäş ýylyň dowamynda günde 100 gezek eplenende «200 000 eplemä çenli» çydap biljekdigini tassyklaýar.
Birsydyrgyn açylýandygyna garamazdan, şarniriň, özüni gowşak duýmaz ýaly, ýeterlik garşylygy bar. Garşylyk gurluşy dürli burçlar boýunça açylgy görnüşde saklamak üçinem ýeterlikdir.
Galaxy Z Fold 4 hem, Galaxy Z Flip 4 hem Galaxy-niň iň berk gurluşlarydyr, çünki olar iň berk materiallardan Armor Aluminiumdan we Corning c Gorilla c Glass c –den ýasalandyr. Bu size telefony islendik ýagdaýlarda, zeper ýeter, çyzylar gorkusy sebäpli biynjalyk bolman ulanmaga mümkinçilik berer.
Galaxy Z Fold we Galaxy Z Flip4 — IPX8 reýtingli dünýäde ýeke-täk çygdan goragly eplenýän telefonlardyr.


07.08.2025 16:06
13k+

Galaxy Z Flip7 gaňrylma çydap bildi, emma dyrnak bilen çyzylma garşy durup bilmedi

JerryRigEverything YouTube-kanalynyň awtory Zak Nelson Galaxy Z Fold7 modelini ýowuz synagdan geçirenden soň, Samsung-yň eplenýän ýene bir enjamy bolan Galaxy Z Flip7 modelini berklik boýunça synagdan geçirdi. Flip7 korpusy birnäçe gezek gaňrylsa-da, bökdençsiz işlemegini dowam etdi...

17.11.2025 19:58
8.1k+

Gyşky ýyladyş möwsümi boýunça sowuk hasap ýa-da biznes üçin gyşky satyn almalaryň çek-listi

📈 ALSAT-dan söwda etmek boýunça gollanma: sowuk düşmezden ozal nämeleri satyn almaly — radiatorlar, nasoslar, termostatlar, generatorlar, ýylylyk izolýasiýasy — we şol harajatlary ilkinji gar düşmezden öň nädip ödetmeli...

14.11.2025 12:22
4.4k+

“Jülgeli daglar” HK ýangyn habar beriji, gazly ýangyn söndüriji we wideo gözegçilik ulgamlary gurnamak, abatlamak hyzmatlaryny hödürleýär

“Jülgeli daglar” hususy kärhanasy ýangyn habar beriji, gazly ýangyn söndüriji we wideo gözegçilik ulgamlary gurnamak, sazlamak, abatlamak we ot söndürijileri doldurmak hem-de olara hyzmat etmek ýaly işleri ýerine ýetirýär...

14.11.2025 12:00
2.6k+

Lexicon iňlis dili platformasynyň Android üçin mobil goşundysy çykdy

Iňlis dilini öwrenýänler, çagalaryna iňlis dilini öwretmek isleýänler üçin Lexicon platformasynyň Android üçin mobil goşundysy - Google Playda elýeterli boldy. Ykjam goşundyny Android ulgamy üçin şu ýerden ýükläp bilersiňiz...