“Artemida-1” missiýasynyň Aýa uçurylyşy tehniki näsazlyk sebäpli yza süýşürildi

  • 30.08.2022 18:19
  • 6.2k+

ABŞ-da duşenbe güni meýilleşdirilen Artemis 1 (“Artemida-1”) missiýasynyň Aýa uçurylyşy soňa goýuldy. Täze super agyr raketa göterijisi SLS-e (Space Launch System) ýangyç guýlanda, suwuk wodorodyň syzmagy ýüze çykaryldy diýip, NASA habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

SLS raketa göterijisi Artemis 1 missiýasynyň çäginde Orion kosmos gämisini onuň synag dolandyryjysyz uçuşy üçin orbita çykarmalydy. NASA-nyň maglumatlaryna görä, näsazlyklar düzedilen ýagdaýynda indiki uçuş synanyşygy 2-nji sentýabrda bolup biler. 
Uçuryş Floridanyň Kanaweral burnundaky Kennedi kosmos merkeziniň 39B uçuş meýdançasyndan ABŞ-nyň gündogar kenarynyň wagty bilen 08:33-de amala aşyrylmalydy. Ýöne wagtyň yzyna hasaplanmagy uçuşdan 40 minut öň togtadyldy.
Artemis 1 missiýasynyň çäginde Orion kosmos gämisi Aýa tarap ugrap, birnäçe hepde onuň orbitasynda bolmaly. Soňra gämi Ýere gaýdyp gelip, Kaliforniýanyň kenarynda Ýuwaş ummanyna gonmaly. 
Synag uçuşy SLS raketasynyň we Orion gämisiniň missiýa taýýardygyny görkezmeli. 


31.05.2026 20:50
8.8k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.4k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......

28.05.2026 19:00
1k+

NASA Aý bazasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady

NASA 2026-njy ýylda Aýa tarap guraljak üç sany uçarmansyz uçuşy mälim etdi we gymmaty 20 milliard dollar bolan Aý bazasyny döretmek maksatnamasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady....