“Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 14-nji tapgyry bolan Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy.
Werstappen 14-nji orundan bat alyp, ýeňiş gazanmagy başardy. Ikinji orny onuň garşydaşy Serhio Peres (+17,841 sekunt yza galyş) eýeledi. Üçünji bolup pellehana “Ferrariden” Karlos Saýns geldi (+26,886).
Ýaryşyň iň çalt aýlawy üçin bonus utugyny hem Werstappen aldy.
Waltteri Bottas (“Alfa Romeo) we Lýuis Hemilton (“Mersedes”) ýaryşyň ilkinji aýlawlarynda heläkçilige uçrap, pellehana gelip bilmedi. Werstappen çempionatda öňdebaryjylygyny berkitdi (284 utuk). Ikinji orna Peres geçdi (191). Üçünji orny “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler eýeleýär (188).
Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” öňde barýar (475). Ikinji orunda “Ferrari” (359), üçünji orunda “Mersedes” (316) ýerleşýär.
Çempionatyň indiki tapgyry 2 – 4-nji sentýabrda Niderlandlarda geçiriler.