Pakistandaky suw joşmalary zerarly 1000-den gowrak adam aradan çykdy

  • 28.08.2022 23:42
  • 39k+

Pakistanda güýçli musson ýagyşlary zerarly iýun aýynyň ortalaryndan bäri bolup geçen suw joşmalarynyň weýrançylyklary netijesinde 1033 adam aradan çykdy, 33 million adam ejir çekdi. Bu barada RG habar berýär.

Habar berlişi ýaly, ýurduň häkimiýetleri tarapyndan şu onýyllygyň iň erbet gumanitar betbagtçylygy diýlip atlandyrylýan tebigy hadysa zerarly, tutuşlygyna, 33 million adam ejir çekdi, şolaryň 30 milliony bolsa öýsüz galdy. BMG-niň Ynsanperwer meseleleri utgaşdyrmak boýunça agentliginiň müdirligi täzelenen maglumaty ýaýradyp, musson ýagyşlarynyň Pakistanda 3 milliona golaý adamy gurşap alandygyny, tutuş ýurt boýunça şolaryň 184 müňüsiniň kömek lagerlerine göçürilendigini mälim etdi.
Ýurduň Premýer-ministri Şabhaz Şarif dowam edýän suw joşmalary zerarly kömek sorap, dünýä jemgyýetçiligine ýüz tutdy.


25.06.2026 12:37
7.1k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....