Ysraýylyň esasy howa menzili geljek ýylda doly sanlylaşdyrylar

Ysraýylyň esasy howa menzili geljek ýylda doly sanlylaşdyrylar

Ysraýylyň esasy howa menzili bolan Ben-Gurion 2023-nji ýylda sanly ulgama geçer. Bu barada tengritravel.kz habar berýär.

Ysraýylyň Howa menzilleri müdirliginiň resmi wekilleri Tel-Awiwden 14,5 kilometrlikdäki Lod şäherinde ýerleşýän Ben-Gurion howa menziliniň 2023-nji ýylda sanly boljakdygyny habar berdi. Çünki tutuş dünýäde howa menzilleriniň köp adamlydygy sebäpli, syýahatçylaryň islegleri kanagatlandyrylmaýar we işgär ýetmezçiligi duýulýar. Şoňa görä-de, Ysraýylyň Howa menzilleri müdirligi sanly tehnologiýalara geçmegiň hasaba alyş we barlag üçin uzyn nobatlary gysgaltjakdygyny göz öňünde tutdy.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Ben-Gurion Ýakyn Gündogaryň iň köp gatnawly howa menzilleriniň hataryna girýär. Ysraýylyň Howa menzilleri müdirliginiň hasaplamalaryna görä, 2022-nji ýylda bu howa menziliniň üsti bilen ýolagçylaryň 18 million sanysy uçar. Geljek ýylda bolsa olaryň sany 24 milliona çenli köpeler. Müdirlikde meýilleşdirilen sanly iş prosesi arkaly hasaba alşy onlaýn usulda geçýänleriňem, özi baryp geçýänleriňem wagty belli bir derejede gysgalar diýip aýdýarlar.