Dunaýyň suwy 80 ýyl ozalky derejesine çenli peseldi

  • 25.08.2022 15:45
  • 17k+

Dunaý derýasynyň suwy soňky gezek 80 ýyl mundan ozal hasaba alnan derejä çenli azaldy diýip, Bolgariýanyň milli radiosy habar berýär. Muny belta.by ýetirýär.

Ölçeýiş 23-nji awgustda Bolgariýanyň Ruse şäheriniň golaýynda geçirildi. Derýanyň derejesi “nol” belliginden 72 sm peseldi. Ol öň, takmynan, 80 ýyl mundan ozal şeýle güýçli peselipdi. Şonda minus 73 sm görkeziji hasaba alyndy.
Derýanyň suwunyň derejesiniň örän pes bolmagy sebäpli gämi gatnawy hem kynlaşdy. Bolgariýa sebitindäki Dunaýyň üsti bilen diňe suwa batyş derejesi has pes bolan ýüzüş serişdeleri geçip bilýär.


düýn 23:48
810

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

11.05.2026 11:37
4.8k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

24.03.2026 07:08
4.2k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...