Hennessey dünýäde iň ýyndam we kuwwatly rodster bilen tanyşdyrdy

  • 20.08.2022 23:59
  • 10k+

Amerikanyň giperkar öndürýän Hennessey Special Vehicles kompaniýasy modeliň dünýä möçberindäki debýutynyň öňüsyrasynda Kaliforniýada Venom F5 rodsteri bilen tanyşdyrdy. Öndüriji öz resmi saýtynda  Venom F5-iň 2021-nji ýylda görkezilen  Venom F5 Coupe modeliniň logiki dowamy hasaplanýandygyny belledi.

Kuwwaty 1817 a.g.-ne deň bolan goşa turboüfleýjili Hennessey V5 hereketlendirijisi Venom F5-i herekete getirýär. Art herekete getirijili rodster geçirijiniň awtomat korobkasy bilen enjamlaşdyrylan. Giperkar sagatda 300 mile çenli (482 km/s)  tizligini artdyrmaga ukyply.
Giperkaryň esasy göze ilýän bölegi onuň üçegidir. F5-iň kupesinden tapawutlylykda, ol gaty kompozit uglerod süýmünden taýýarlanandyr. Ulagyň tizligini artdyryş mümkinçiligine, şeýle hem iň ýokary tizliklerde aerodinamiki güýçlere üstünlikli garşy durmak üçin onuň üçegi dört sany tiz aýryp bolýan boltlar we juda berk goşa kilt bilen berkidilýär. 
Modeliň beýleki bir özboluşly aýratynlygy hereketlendirijiniň seredilýän äpişgesinde gizlenýär, ol çydamly aýnadan ýasalandyr. Motoryň yzky gapagynyň merkezinde ýerleşen bu panel Fury V8 hereketlendirijisini synlamaga mümkinçilik berýär. 
Venom F5 rodsteri  30 sanyjak az nusgalykda Tehasda öndüriler. Giperkar  2022-nji ýylyň ahyrynda öndürilip başlanar. Hennessey Special Vehicles kompaniýasy täze Venom F5 rodsterine 3 mln dollar nyrh kesdi.

şu gün 12:41
903

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

düýn 10:57
2.4k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

düýn 09:51
2.2k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

31.05.2026 16:54
4.3k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....