Bill Geýts Ýaponiýanyň döwlet sylagyna mynasyp boldy

  • 20.08.2022 10:34
  • 9.7k+

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýesimasa Haýasi Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýtsa Tokiodaky duşuşykda Dogup barýan gün ordeniniň birinji derejelisini gowşurdy. Bu barada Fuji TV teleýaýlymy habar berdi diýip, Trend ýazýar.

Bill Geýts döwlet sylagyna «ösüp barýan ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamyny berkitmekdäki kömegi üçin» mynasyp boldy. Teleýaýlymyň habar bermegine görä, Geýtse ordeniň berilýändigi barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi baryp 2020-nji aprelinde mälim edipdi, emma şol wagt amerikaly telekeçi COVID-19 pandemiýasy sebäpli ony alyp bilmändi.
Geýtsiň öz Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasyna 20 milliard dollar geçirýändigi barada iýul aýynda habar berlipdi. Gazna 2000-nji ýylda Bill Geýts we onuň öňki aýaly Melinda tarapyndan esaslandyrylypdy.


17.04.2026 16:25
3.7k+

Deňiz kirpileri "mineral hazynalarynyň" ýygnaýjylary bolup çykdy

Ýaponiýanyň kenarýakasynda ýaşaýan deňiz kirpileri seýrek minerallary ýörite diwertikulalarda ýörite ýygnaýarlar, olar bolsa çökündiniň diňe ýüzden bir bölegini düzýär. Bu barada “Deňiz biologiýasy žurnaly”......

16.04.2026 18:02
4k+

Ýapon blokbasteri «Godzilla: Minus nol» filminiň ilkinji tizeri çykdy

Internetde «Godzilla: Minus nol» filminiň resmi tizeri peýda boldy. Bu film 2023-nji ýyldaky uly meşhurlyk gazanan blokbasteriň göni dowamy bolup, ol şu ýylyň noýabr aýynda halkara prokatyna çykmaga......

14.04.2026 16:19
1.7k+

Tokioda türkmen milli lybaslarynyň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Tokionyň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde 10-njy aprelde gadymy türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeçilik we zergärçilik önümleriniň sergisi açyldy. Çäre «Merkezi Aziýanyň el işleri»......

07.04.2026 14:25
5.7k+

Ýaponiýa iş wizalaryny almak üçin täze talaplary girizýär

Ýaponiýanyň hökümeti inžener, halkara hyzmatlary boýunça hünärmen we ynsanperwer ylymlary pudagyndaky wiza almak isleýänlerden ýapon dilini bilýändigi barada resmi tassyknamany talap etmek barada karar kabul......