Ulag boýunça Awaza forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi

  • 20.08.2022 10:28
  • 5.2k+

19-njy awgustda Daşary işler ministrliginde guralan brifing 15-16-njy awgustda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatyň netijelerine bagyşlandy. Duşuşyga Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Brifingiň barşynda maslahatyň işine işjeň gatnaşan ähli döwletlere we halkara guramalara hoşallyk bildirildi. Onuň münberinden beýan edilen oňyn teklipler, pikirlerdir maslahatlar durnukly ulag ulgamynda hem-de ygtybarly sebitara ulag düzümini ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmekde, ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmekde geljekki bilelikdäki iş üçin esas döreder.
Ulag ulgamynyň ýurtlaryň, aýratyn-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady taýdan durnukly ösmeginiň hem-de sebit we halkara möçberde döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň möhüm şertidigi nygtaldy. Ýöne netijeli ulag ulgamyny kemala getirmek üçin milli derejedäki tagallalar bilen bir hatarda, durnukly ulgamlary ýola goýmak, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça sazlaşykly köptaraplaýyn gatnaşyklar zerurdyr. COVID-19 pandemiýasyndan soňky dikeldiş döwründe bu mesele aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen forumyň barşynda hut şu meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda ulag düzümlerini ösdürmek, gümrük we migrasiýa çärelerini kadalaşdyrmak, ählumumy ulag ulgamyna maýa goýum akymlaryny çaltlandyrmak, gatnawlaryň ekologik ugruny hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, ulag gatnawlarynyň ýygylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretmek meseleleri bar. Bularyň ählisi şu ulgamda umumydünýä gün tertibiniň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde 2016-njy ýylda binýady goýlan Aşgabat prosesiniň wajyp ugurlarydyr. Onuň esasy maksady ählumumy ulag hem-de logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini, yzygiderliligini üpjün etmekden, ysnyşykly döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kanuny bähbitlerini tassyklamakdan, bu ugurda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň maksatlaryny hem-de wezipelerini anyklaşdyrmakdan ybaratdyr.
Brifingiň barşynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko söz berildi. Ol Türkmenistanyň Hökümetine maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gün tertibine girizilen meseleleriň wajypdygyny belledi. Brifingde ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň Hökümetini ministrler derejesindäki halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen forumyň ähmiýeti örän uludyr. Çünki milli, sebit we ählumumy möçberdäki okgunly durmuş-ykdysady taýdan ösüş ulag hem-de logistika düzüminiň kämilleşdirilmegini, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini talap edýär. 


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......