ÝUNISEF: dünýäde gyzzyrma garşy ilkinji sanjym millionlarça çaga kömek eder

  • 19.08.2022 07:30
  • 10k+

Britaniýanyň GlaxoSmithKline (GSK) farmasewtik kompaniýasy dünýäde gyzzyrma garşy ilkinji sanjymy öndürmek barada şertnama aldy, şeýlelik bilen millionlarça çaga ölüm howply keselden goragly bolar. Bu barada BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) aýtdy diýip, russian.news.cn habar berýär.

170 mln ABŞ dollaryna barabar bahaly şertnama geljek üç ýylyň dowamynda 18 mln dozada RTS,S sanjymyny öndürmäge mümkinçilik berer, bu bolsa her ýyl müňlerçe çagany halas edip biler.
Bäş ýaşa çenli çagalar henizem gyzzyrma keseliniň öňünde ejiz gelýär. 2020-nji ýylda diňe Afrikada bu keselden tas ýarym million oglan we gyz aradan çykdy, bu minutda bir ölüme barabardyr.
Gyzzyrma parazitler sebäpli döreýär we adama ýokançly urkaçy Anopheles çybynlarynyň üsti bilen geçýär. Bu keseliň öňüni almak we bejermek mümkin bolsa-da, ol bejerilmese, ölüme getirip bilýär.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, 30-dan gowrak ýurtda gyzzyrmanyň geçiş derejesi ortaça ýa-da ýokary bolan sebitler bar we üpjünçilik ýokarlanan ýagdaýynda sanjym her ýyl 25 milliondan gowrak çaganyň goşmaça goragyny üpjün edip biler.


düýn 19:08
4.6k+

Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy

Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar...

10.07.2025 11:09
6.6k+

Kesar kesimi arkaly doglan çagada akganlylygyň döremek töwekgelçiligi 20% ýokarlanýar

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň (KI) alymlary garny kesip almak arkaly doglan çagalarda akganlylygyň döremek ähtimallygynyň tebigy ýol bilen dünýä inen çagalar bilen deňeşdirilende, takmynan, 20% ýokarydygyny anyklady...

09.07.2025 20:08
1.9k+

Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar

Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär. Kompaniýanyň...

08.07.2025 17:33
3k+

Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler. Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär...