OPEK+ ýurtlary iýulda nebit önümçiligini azaltmak baradaky şertnamanyň şertlerini 523% ýerine ýetirdiler

  • 12.08.2022 12:30
  • 6.4k+

OPEK+ ýurtlary 2022-nji ýylyň iýul aýynda nebit önümçiligini günde 570 müň barrel (b/g) artdyrdylar, şeýle-de bolsa önümçilik boýunça meýilnama görkezijilerinden 2,74 mln b/g yza galýarlar. Bu Halkara energetika agentliginiň (HEA) awgust hasabatyndan gelip çykýar diýip, TASS habar berýär.

Birleşigiň agzalarynyň nebit önümçiliginiň göwrümi iýun aýy bilen deňeşdirilende 570 müň b/g, ýagny günde 38,14 mln barrelden günde 38,71 mln barrele çenli artdy. Şol bir wagtyň özünde OPEK+ ýurtlary tarapyndan önümçiligiň maksatly derejesi iýun aýy üçin 41,45 mln b/g barabardy. Şeýlelik bilen, meýilnamadan yza galyş günde 2,74 mln barrel derejesinde boldy.

OPEK+ ýurtlary bazary durnuklaşdyrmak üçin 2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri nebit önümçiligini azaldýarlar, ýöne bu meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi esasynda eýýäm ony dikeldýärler. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri olar nebit önümçiligini aýda, takmynan, 400 müň b/g derejesinde ýokarlandyrmak tertibini berjaý etdiler. Meýilnama 2022-nji ýylyň iýul we awgust aýlary üçin üýtgedildi – koronawirus pandemiýasyndan soň dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegi sebäpli nebite bolan islegiň tomsuna ýokarlanmagynyň esasynda birleşigiň ýurtlary önümçiligiň ösüşini 648 müň b/g çenli ýokarlandyryp, sentýabr kwotasyny deň paýladylar. Şeýle-de bolsa, erkin mümkinçilikleriň ýoklugy sebäpli birleşigiň agzalary maksatly derejä hemişe ýetip bilmeýärler. Şeýlelikde, nebit önümçiligini azaltmak boýunça OPEK+ şertnamasy iýul aýynda artygy bilen ýerine ýetirildi – şertnamanyň ýerine ýetiriliş derejesi bir aý öňki 314%-e garşy 523% boldy. 


23.12.2024 08:37
3.6k+

Seýdiniň NGIZ-niň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýady pugtalandyrylar

“Türkmennebit” döwlet konsernine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi. Degişli...

14.12.2024 09:24
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti nebitçileri, gazçylary we geologlary baýramy bilen gutlady

Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitçilerine, gazçylaryna we geologlaryna...

08.12.2024 11:08
2k+

OPEK+ nebiti gazyp almakda meýletin çäklendirmeleri uzaltdy

OPEK+ ýurtlary nebiti gazyp almagy günde 2,2 mln barrel meýletin azaltmagy 2025-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli uzaltmak barada ylalaşdylar. 1,65 mln barrel çäklendirmesi bolsa 2026-njy ýylyň ahyryna çenli...

30.11.2024 10:25
4.4k+

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldady diýip, TDH habar berýär. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise...