OPEK+ ýurtlary iýulda nebit önümçiligini azaltmak baradaky şertnamanyň şertlerini 523% ýerine ýetirdiler

  • 12.08.2022 12:30
  • 6.8k+

OPEK+ ýurtlary 2022-nji ýylyň iýul aýynda nebit önümçiligini günde 570 müň barrel (b/g) artdyrdylar, şeýle-de bolsa önümçilik boýunça meýilnama görkezijilerinden 2,74 mln b/g yza galýarlar. Bu Halkara energetika agentliginiň (HEA) awgust hasabatyndan gelip çykýar diýip, TASS habar berýär.

Birleşigiň agzalarynyň nebit önümçiliginiň göwrümi iýun aýy bilen deňeşdirilende 570 müň b/g, ýagny günde 38,14 mln barrelden günde 38,71 mln barrele çenli artdy. Şol bir wagtyň özünde OPEK+ ýurtlary tarapyndan önümçiligiň maksatly derejesi iýun aýy üçin 41,45 mln b/g barabardy. Şeýlelik bilen, meýilnamadan yza galyş günde 2,74 mln barrel derejesinde boldy.

OPEK+ ýurtlary bazary durnuklaşdyrmak üçin 2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri nebit önümçiligini azaldýarlar, ýöne bu meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi esasynda eýýäm ony dikeldýärler. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri olar nebit önümçiligini aýda, takmynan, 400 müň b/g derejesinde ýokarlandyrmak tertibini berjaý etdiler. Meýilnama 2022-nji ýylyň iýul we awgust aýlary üçin üýtgedildi – koronawirus pandemiýasyndan soň dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegi sebäpli nebite bolan islegiň tomsuna ýokarlanmagynyň esasynda birleşigiň ýurtlary önümçiligiň ösüşini 648 müň b/g çenli ýokarlandyryp, sentýabr kwotasyny deň paýladylar. Şeýle-de bolsa, erkin mümkinçilikleriň ýoklugy sebäpli birleşigiň agzalary maksatly derejä hemişe ýetip bilmeýärler. Şeýlelikde, nebit önümçiligini azaltmak boýunça OPEK+ şertnamasy iýul aýynda artygy bilen ýerine ýetirildi – şertnamanyň ýerine ýetiriliş derejesi bir aý öňki 314%-e garşy 523% boldy. 


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......