Maldiw adalarynda ýakyn ýyllarda ýüzýän şäherler peýda bolar

  • 12.08.2022 08:53
  • 13k+
Maldiw adalarynda ýakyn ýyllarda ýüzýän şäherler peýda bolar

Maldiw Respublikasynyň paýtagty Male şäherinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän ýyly suwly kölde ýerleşdirilen täze etrapça ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesini özünde birleşdirer we olarda 20 müňe çenli adam ýaşap biler. Şeýle-de onuň çäginde dünýä standartlaryna laýyk gelýän myhmanhanalary, restoranlary, butikleri we gämi duralgalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ol altyburçluk görnüşindäki ýüzýän desgalaryň birnäçesinden ybarat bolar we dünýäde ada şekilinde döredilen ilkinji suw şäheri bolar. Bu täsin ýüzýän şäher barada islamosfera.ru saýtyna salgylanyp, azertag.az habar berýär.

Bellenilişi ýaly, suwda ýüzmegiň däp bolan maldiw medeniýetinden ylham alnyp döredilen bu taslama 2009-njy ýylda başlandy we onuň gurluşygy 2027-nji ýyla çenli doly tamamlanmaly. Bu ugurda “Waterstudio” golland arhitektura firmasy Maldiw adalarynyň Hökümeti we “Dutch Docklands” niderland döredijisi bilen hyzmatdaşlykda iş alyp barýar.
Ýüzýän şäheriň taslamasy ekologik sebäpler, has anygy, ählumumy maýlama bilen baglylykda, deňziň suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy bilen hem baglydyr. Çünki Maldiw adalarynyň 80 göterimi deňiz derejesinden bir metrdenem az bolan beýiklikde ýerleşýär. Çaklamalara görä, 2100-nji ýyla çenli arhipelagyň uly bölegi suwuň astynda galyp, ýaşaýyş üçin ukypsyz bolar. Şäheriň taslamasyny düzýän inženerlere köp sanly meseleleri, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmek meselesini çözmeli boldular. Munuň özi şeýle uly möçberli ýüzýän desgalary gurmakda has-da möhümdir. “Şunda ilkibaşda ähli zady, şol sanda tebigatyň güýjüni, tolkunlary, adatdan daşary howa ýagdaýlaryny, geljek 100 üçin deňziň derejesiniň ýokarlanmagyny hasaba almak zerurdyr” diýlip, “Waterstudio” firmasynyň saýtynda bellenilýär.
Ýüzýän şäherde esasy ulag serişdesiniň gaýyklar boljakdygy sebäpli, bu ýerde köp sanly kanallary gurarlar. Şäherde awtoulaglar asla hereket etmez — diňe welosipedler, baggi görnüşli kiçijek maşynlar we skuterler bolar. Ýüzýän şäheriň jaýlary ýakyn wagtda satlyga çykarylar. Aýtmaklaryna görä, onuň ilkinji ýaşaýjylary eýýäm 2024-nji ýylda bu ýere göçüp gelip bilerler.


düýn 21:56
5.8k+

Türkmenistanda ýylyň iň gowy sürüjileri yglan edildi

Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 26-njy noýabrda bellenilip geçilýän Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanyp, dabaraly mejlis geçirildi. Dabaranyň çäklerinde ýolagçy hem ýük awtoulaglaryň sürüjileriniň...

düýn 21:54
1.1k+

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

22-24-nji noýabrda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinosynyň günleri geçirilýär. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy...

düýn 20:47
4.8k+

Er-Riýadda 92 müň orunlyk stadion gurulýar. Tomaşaçylar onuň üçeginde gezelenç edip bilerler

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda patyşa Salmanyň adyny göterjek stadionyň gurluşygy yglan edildi. 92 000 adamlyk kuwwatly täze desgany 2029-njy ýyla çenli tamamlanmak meýilleşdirilýär. Onuň dizaýny Las-Wegasdaky...

düýn 20:26
4.8k+

Dubaýda rekord 300 kg-den gowrak agramly altyn tokgasy ýasaldy

Dubaýyň Emirates Minting Factory kompaniýasy agramy 300 kg-den gowrak bolan dünýäde iň uly altyn tokgasyny ýasap, Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Bu barada emirligiň hökümetiniň metbugat gullugy habar...