10-njy awgustda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Premýer-ministr Fumio Kisida tarapyndan geçirilen üýtgeşmelerden soň, ýurduň Hökümetiniň täze düzümini tassyklady. Tokiodaky Imperator köşgünde geçirilen bu resmi dabara barada Hökümet Başlygynyň iş tertibine salgylanyp, iri habar beriş gulluklary maglumat ýaýratdy.
Kisidanyň döwründäki ikinji Kabinetde ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy, maliýe, döwlet ýerleri, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk, ykdysadyýeti gaýtadan dikeltmek boýunça ministrler ozalky wezipelerini saklap galdylar. Hirokadzu Masuna Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary wezipesinde galdyryldy. 2008-2009-njy ýyllarda ýurduň goranmak edarasynyň ýolbaşçysy bolup işlän Ýasukadzu Hamada bolsa goranmak ministri wezipesine bellenildi. Täze Hökümetiň düzümine ozal ýolbaşçy wezipelerde işlän tejribeli syýasatçylaryň birnäçesi gaýtarylyp getirildi. Umuman, Kabinetdäki 19 ministriň 9-sy ilkinji gezek Hökümetiň düzümine girizildi.
Imperator tarapyndan Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak Ýaponiýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda geçirilýän hökmany iş amalydyr. Dabaranyň dowamynda ministrler gezekli-gezegine monarhyň goly bilen wezipä bellenilýändigi hakyndaky ýörite resminamany alýarlar.