Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy

  • 07.08.2022 18:18
  • 5.5k+

Russiýaly Daniil Medwedew ýekşenbe güni Meksikanyň Los-Kabos şäherinde geçirilen Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) ýaryşynyň finalynda britaniýaly Kemeron Norrini utdy. Bu barada TASS habar berýär.

Duşuşyk ýaryşda birinji belgini alan Medwedewiň peýdasyna 7:5, 6:0 hasabynda tamamlandy. Norri üçünji belgi bilen çykyş etdi, ol Los-Kabosda geçirilen geçen ýylky ýaryşyň ýeňijisidir.
Medwedew 2022-nji ýylda ilkinji ýaryşyny utdy. Aprel aýynda tennisçi ingini aýyrmak üçin operasiýa geçirdi, şol sebäpli bir aýa golaý ýaryşlary sypdyrdy. Öň, russiýaly türgen Hertogenbosda (Niderlandlar) we Gallede (Germaniýa) geçirilen ýaryşlaryň finalynda utuldy, şeýle-de Australian Open-iň finalynda ispaniýaly Rafael Nadaldan utuldy. 
Medwedew 26 ýaşynda, ol dünýäniň birinji raketkasydyr. Onuň hasabynda indi ATP-niň 14 tituly bar.
Norri 26 ýaşynda, ol dünýä reýtinginde 12-nji orny eýeleýär. Onuň hasabynda ATP-niň howandarlygynda geçirilen ýaryşlarda dört ýeňiş bar.
Los-Kabosda geçirilen ýaryş ATP 250 kategoriýasyna degişli bolup, “hard” düşeginde geçirilýär. Umumy baýrak gaznasy $822 müň boldy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

12.06.2026 11:10
10k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

08.06.2026 12:15
2.1k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....