Dünýäde iň ýeňil noutbuk çykaryldy

  • 04.08.2022 08:37
  • 13k+

Fujitsu kompaniýasy dünýäde iň ýeňil, 13 dýumlyk noutbuk - Lifebook WU-X/G2 bilen tanyşdyrdy. Onuň agramy bary-ýogy 634 gram.

Kompýuter 13,3 dýumlyk Full HD (1920 x 1080 piksel) displeý bilen enjamlaşdyrylan. Täze noutbugyň binýadynda Intel Alder Lake apparat platformasy otyr. Oňa  on ýadroly - iki önümçilikli we sekiz energoeffektiw Core i7-1255U prosessory gurnap bolýar. Takt ýygylygy 4,7 GGs ýetýär. Çipsetinde Intel Iris Xe grafiki çaltlaşdyryjysy bar. Operatiw ýadynyň göwrümi 32 GB-a ýetýär. Maglumatlarynyň saklanyşyna göwrümi 256 GB-dan 2 TB-a çenli bolan gaty görnüşli ýygnaýjy jogap berýär.
Noutbugyň Bluetooth 5.1 we Wi-Fi 6 goldawy, SD-kart üçin slot we gorag tutujykly web-kamerasy bar. USB 3.2 Type-C-niň iki porty, USB 3.2 Type-A birleşdirijisi, tor kabeli üçin RJ45 birleşdiriji, HDMI interfeýsi we 3,5 mm-lik audiobirleşdirijisi bar. Gurluş sygymy 25 Wts bolan batareýadan güýç alýar. Windows 11 operasion ulgamy gurnalan. Noutbugyň bahasy takmynan 1370 dollardan başlaýar.


düýn 08:22
1.9k+

Fransiýa Windows-dan we ÝB-den daşarda öndürilen tehnologiýalardan ýüz öwürýär

Fransiýa özüniň sanly özygtyýarlylygyny berkitmek maksady bilen, Windows operasion ulgamyndan we Ýewropa Bileleşiginiň çäginden daşarda döredilen beýleki tehnologiýalardan el çekmäge taýýarlanýar. Bu barada......

16.04.2026 16:25
1.5k+

Sanly gandallar: işjeň çatlar we habarlar boş wagtyňy nähili ogurlaýar

Bir wagtlar iş güni işgärleriň ofisden çykmagy bilen gutarýardy. Häzirki wagtda işgäriň ýene işe dümtünip galmagy üçin ýekeje habaryň gelmegi ýeterlik....

16.04.2026 14:36
3.8k+

Alymlar çipsiz, batareýasyz ýa-da elektrik energiýasyz mehaniki kompýuter döretdiler

ABŞ-nyň keramatly Olaf kollejiniň we Sirakuza uniwersitetiniň alymlary pruzinalara we polat elementlere esaslanyp işleýän özboluşly hasaplaýyş ulgamyny döretdiler. Enjam elektrik energiýasyz, çipsiz ýa-da......

15.04.2026 14:15
2.2k+

Huawei Pura 90 Pro we Pro Max modellerini yglan etdi: ilkinji suratlar peýda boldy

Huawei täze flagman smartfonlar seriýasy bolan Pura 90-yň çykaryljakdygyny habar berdi. Bu seriýa Pura 90 Pro we Pura 90 Pro Max modelleri girer. Olar 20-nji aprelde Hytaýda tanyşdyrylar. Kompaniýa bu gezek......